iPhone Duo smartfonyny dört gije durman epläp gördüler — netijesi şeýleräk

Düýn, 16:064,048
1 / 2

Apple kompaniýasynyň täze eplenýän smartfony iPhone Duo berklik synagynyň (stress-test) dowamynda 32 müňden gowrak gezek eplenmä döz geldi. Synagdan soň onuň şarniri, hatda öňküsinden hem mäkämleşdi.

Apple zawod synaglarynyň netijelerini köpçülige çykarmady we iPhone Duo-nyň iň ýokary eplenme sanyny aýtmady. Şol sebäpli žurnalist we bloger Joanna Stern şarniriň berkligini özbaşdak barlamagy ýüregine düwdi. Munuň üçin ol smartfony dört gijäniň dowamynda açyp-ýapan ýörite roboty peýdalandy.

Bu wagtyň içinde enjam 32 müňden gowrak gezek eplendi. Žurnalistiň bellemegine görä, şarnir birneme «ýumşady», ýöne o diýen düýpli üýtgeşmeler ýüze çykmady. Üstesine-de, dartyş güýjüni ölçeýän takyk gural şarniriň, hatda başdakydan hem berkleşendigini görkezdi. Gündelik ulanylyşda bu tapawut bildirmeýär, smartfonyň umumy ýagdaýy bolsa üýtgewsizligine galýar.

Ýöne hünärmenler şeýle synagyň käbir taraplarynyň bardygyny belleýär: robot smartfony daşlygy bilen epledi hem-de ony, köplenç, ahyryna çenli ýapmady. Mundan başga-da, Stern ekrandaky eplenme yzynyň üýtgeşmesini barlamady. Şunlukda, bu synag ekranyň könelmä dözümlidigini doly tassyklamaýar.

Başga bir bloger smartfony 10 müň gezek açyp-ýapdy we onuň netijesini görkezdi. Synagdan soň smartfonyň ortasynda göze ilýän epin peýda boldy.

Deňeşdirip aýtsak, Samsung 2025-nji ýylda Galaxy Z Fold7 ekranynyň 500 müň eplenmä döz gelendigini habar beripdi. Günde 100 gezek eplense, bu teoretiki taýdan on ýyldan gowrak wagt ulanyşa ýeterlikdir.

iPhone Duo baradaky ilkinji synlar beýleki kemçiliklere hem ünsi çekýär. Smartfona uzak wagtlap agram düşende, meselem, oýun oýnalanda ýa-da dowamly wideo düşürilende smartfon güýçli gyzýar. Ýokarsynda ýerleşýän ses sazlaýjy düwmelerine el ýetirmek hem kyn, bloklama düwmesine ornaşdyrylan Touch ID skaneri bolsa elmydama ygtybarly işlemeýär.

Käbir üçünji tarap goşundylary hem näsaz işleýär: olar gara zolakly kiçi penjirelerde açylýar ýa-da 90 gradus öwrülýär. Ähtimal, bu ýalňyşlyklaryň bir bölegi programma üpjünçiliginiň täzelenmegi bilen düzelse gerek.

iPhone Duo smartfonynyň resmi satuwy şu gün, anna güni başlanýar.