Patent dawasynda utulan Apple-den indi her täze iPhone üçin pul talap edýärler

Şu gün, 14:051,923

Taction Technology kompaniýasy patent dawasynda 5,7 milliard dollar möçberinde öwez tölegini gazanandan soň, Apple kompaniýasyndan geljekde satyljak her bir iPhone we Apple Watch üçin yzygiderli töleg geçirmegi talap etdi.

2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ABŞ-da kazyýet eminleri Apple enjamlarynyň titreme arkaly duýduryş berýän Taptic Engine tehnologiýasynyň Taction kompaniýasynyň iki sany patentine laýyk gelmeýändigi barada karar çykardy. Apple bu karara garşy çykyp, ony ýatyrmagy ýa-da işi täzeden seljermegi haýyş etdi. Kompaniýa bu babatda talap edilýän möçberdäki puly töletmek üçin talapkäriň ýeterlik subutnama getirmändigini bahana etdi.

Indi Taction diňe bir öňki döwür üçin öwez tölegini däl, eýsem goşmaça tölegleri hem talap edýär. Kompaniýanyň pikiriçe, kazyýet eminleri enjamlaryň satuwyny diňe 2026-njy ýylyň mart aýyna çenli hasaba alypdyrlar. Şonuň üçin Taction indiki alty aýda satylan enjamlar we täze modeller üçin hem töleg geçirilmegini isleýär.

Talaplaryň arasynda geljekki satuwlardan paý tölemek, 2021-nji ýylyň aprel aýyndan başlap ýyllyk 7% möçberinde göterim hasaplamak hem-de pul doly tölenýänçä goşmaça göterimleri tölemek bar.

Mundan başga-da, Taction Apple kompaniýasynyň ABŞ-da satylan enjamlaryň sany we satuw möçberi barada her üç aýdan hasabat bermegini hem-de her çärýek tamamlanandan soň 30 günüň dowamynda degişli tölegleri geçirmegini talap edýär.

Talapkäriň islegine görä, tölegler jedelli patentleriň hereket ediş möhleti tamamlanjak 2035-nji ýylyň 24-nji sentýabryna çenli dowam etmeli. Bu talaplaryň degişli edilýän enjamlarynyň hataryna iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max, Apple Watch Series 12 hem-de Apple Watch Ultra 4 modelleri girýär.