iFixit hünärmenleri Apple-iň täze iPhone 18 Pro smartfonyny nurbatyna çenli söküp, onuň esasy enjamlaýyn täzeliklerini we abatlamaga ýaramlylygyny öwrendi. Netijede, smartfon 10-dan 7 bal aldy.
Smartfonyň esasy enjamlaýyn üýtgeşmeleriniň biri alty sany kiçi ýaprakly mehaniki üýtgeýän diafragma boldy. Olaryň duruş ýagdaýy elektromagnitleriň kömegi bilen dolandyrylýar, bu hem düşýän ýagtylygyň möçberini sazlamaga mümkinçilik berýär.

Smartfon sökülen wagtynda ýapraklaryň biri tötänden öz ýerinden gaçdy. Hünärmenleriň bellemegine görä, şeýle ýagdaýda ýekeje ýapragy aýratynlykda abatlamak mümkin däl diýen ýaly, şol sebäpli döwlen halatynda tutuş kamera modulyny çalyşmaly bolar.
Has düýpli üýtgeşmeler Face ID ulgamyna hem degişli boldy. Infragyzyl kamera ilkinji gezek OLED displeýiň astyna geçirildi. Infragyzyl şöhläniň geçmegi üçin bolsa datçigiň üstündäki ekranyň pikselleriniň bir bölegi aýrylyp, olaryň dykyzlygy akgynly üýtgedildi. Matrisanyň aşagynda hem infragyzyl şöhläni geçirip, görünýän ýagtylygy petikleýän ýörite filtr ýerleşdirildi.
Ýene bir möhüm täzelik sowadyş ulgamy boldy. A20 Pro çibiniň we operatiw ýadyň ýanaşyk ýerleşdirilmegi hem-de bug kamerasynyň, iPhone 17 Pro bilen deňeşdirilende, üç esse ulaldylmagy netijesinde ýylylygy çykaryş has-da gowulandyryldy.
Sökme işleriniň barşynda hünärmenler käbir kynçylyklara hem duş geldi. Sökülen dört smartfondan üçüsinde displeýiň çarçuwasyna zeper ýetdi. Häzirki wagtda iFixit muny konstruksiýanyň aýratynlygy ýa-da enjamlaryň aýratyn tapgyry bilen doly baglanyşdyryp bilenok, ýöne bu ýagdaý ekrany gaýtadan oturtmagy kynlaşdyryp, korpusyň germetikligine täsir edip biler.
Mundan başga-da, USB-C birikdirijisini çalyşmak üçin smartfonyň uly bölegini sökmeli bolýar.
Şol bir wagtyň özünde, Apple kameralaryň modul gurluşy we adaty ýelim zolaklary bolmadyk akkumulýator ýaly öňki nesliň käbir artykmaçlyklaryny saklap galdy.
Mundan öň YouToube blogeri JerryRigEverything täze modeli (ýakyp, çyzyp, gaňryp) ýowuz synaglara sezewar etdi.