Apple sensor ekranly ilkinji MacBook Pro noutbugyny görkezdi

Şu gün, 09:32549
1 / 7

Apple kompaniýasy Proled XDR duýgur ekranly ilkinji MacBook Pro noutbugyny tanyşdyrdy. Bu barada kompaniýanyň resmi habarynda aýdylýar. 

Täze önüm «tandem OLED» tehnologiýasynyň esasynda döredilen displeýi, M5 Pro hem-de M5 Max prosessorlaryny we ozal diňe iPhone telefonlarynda bolan Dynamic Island funksiýasyny aldy.

Noutbuk iki görnüşde — ekranynyň ölçegi 14 we 16 dýuým bolan görnüşlerde hödürlenýär. Proled XDR displeýi 2000 nite çenli iň ýokary ýagtylygy, 10000000:1 kontrastlylygy we 120 Gs çenli täzelenme ýygylygyny üpjün edýär. Şeýle hem P3 we Adobe RGB reňk standartlaryny goldaýar.

MacBook Pro-nyň taryhynda ilkinji gezek ulanyjylar noutbugy ekrana el degirmek arkaly dolandyryp biler. Duýgur displeý sahypalary geçirmäge, şekilleri ulaltmaga we kiçeltmäge, penjireleri süýşürmäge hem-de professional goşundylar bilen işlemäge mümkinçilik berýär. Hususan-da, dizaýnerler gönüden-göni ekranyň özünde surat çekip, sazandalar bolsa wirtual saz gurallaryny çalyp biler.

Mundan başga-da, Apple ilkinji gezek Mac noutbugyna Spotlight gözlegini, Live Activities habarnamalaryny we Siri AI sesli kömekçisini birleşdirýän Dynamic Island funksiýasyny goşdy. Noutbuklar Apple Intelligence emeli aňyň giňeldilen funksiýalaryna eýe bolan macOS 27 Golden Gate operasion ulgamynyň dolandyrmagynda işleýär.

Täze MacBook Pro noutbuklary M5 Pro we M5 Max prosessorlary bilen enjamlaşdyryldy. Operatiw ýadyň iň ýokary göwrümi 128 GB, içki ýat bolsa 16 TB deňdir. Kompaniýanyň maglumatyna görä, enjamyň bir zarýadda iş wagty 24 sagada ýetýär.

Apple noutbuklaryň dizaýnyny hem täzeläp, olary has inçe we ýeňil etdi. 14 dýuýmlyk modeliň agramy 1,36 kg töweregi, 16 dýuýmlyk modeliň agramy bolsa 1,81 kg töweregidir. Noutbuklar alty sany dinamigi bolan ses ulgamyny, 12 Mp Center Stage kamerasyny, üç sany Thunderbolt 5 portuny, Wi-Fi 7 we Bluetooth 6 ulgamlaryny aldy.

Täze MacBook Pro üçin öňünden sargytlar 28-nji oktýabrda açyldy, satuwy bolsa 6-njy noýabrda başlar.

Bahalar:

  • M5 Pro çipli 14 dýuýmlyk MacBook Pro – 2 899 dollardan;

  • M5 Max çipli 14 dýuýmlyk – 4 499 dollardan;

  • M5 Pro çipli 16 dýuýmlyk – 3 399 dollardan;

  • M5 Max çipli 16 dýuýmlyk – 4 799 dollardan başlanýar.