Insider elýeter iPhone 18e-niň häsiýetnamasyny aýan etdi

Şu gün, 07:021,279

Apple kompaniýasynyň 2027-nji ýylda tanyşdyrmagyna garaşylýan elýeter bahaly iPhone 18e smartfonynyň käbir tehniki aýratynlyklary mälim edildi. Bu barada Digital Chat Station insaýderi habar berdi.

Maglumatlara görä, smartfon 60 Gs täzelenme tizlikli 6,12 dýuýmlyk LTPS OLED ekran bilen üpjün ediler. Şeýlelikde, Apple-iň has gymmat enjamlara mahsus bolan şekil akgynlylygyny hödürlemezden, elýeterli modelde adaty täzeleniş tizligini saklap galmagy mümkin.

Şeýle-de iPhone 18e-niň öndürijiligine 2 nanometrli tehnologiýa boýunça öndürilen A20 prosessory jogap berer.

Esasy kamera 48 MP ölçegli bir sensordan ybarat bolar.

Öň tarapky kamera has düýpli täzelenmä eýe bolup biler. Öňki sensoryň ýerine 24 MP ölçegli kamera modulynyň oturdylmagyna garaşylýar. Bu bolsa has jikme-jik selfi suratlaryny almaga we wideoaragatnaşygyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Smartfonyň bahasy, batareýasynyň kuwwaty we beýleki tehniki aýratynlyklary barada häzirlikçe maglumat ýok.