Apple kompaniýasy eplenýän iPhone Duo telefonlarynyň içki ekranynda çat açma meselesiniň bardygyny tassyklady. Käbir ulanyjylaryň telefonlary satyn alnandan kän wagt geçip-geçmän ekranyň eplenýän ýerinden jaýrylyp başlapdyr. Kompaniýa şeýle näsazlyk ýüze çykan ulanyjylara enjamy çalyşmak üçin AppleCare goldaw gullugyna ýüz tutmagy maslahat berýär.
Emma Apple häzirlikçe bu näsazlygyň sebäbini düşündirenok.
«iPhone Duo-ny ilkinji bolup satyn alan ulanyjylar täze enjamy gowy garşyladylar. Döredijileriň telefonyň özboluşly gurluşyndan netijeli peýdalanmak üçin programmalaryny tiz kämilleşdirýändikleri bizi begendirýär. iPhone Duo-nyň az sanlysynyň içki ekranynda näsazlygyň ýüze çykandygyndan-da habarymyz bar. Ekranynda näsazlyk dörän ulanyjylar enjamy çalyşmak üçin AppleCare goldaw gullugyna ýüz tutup bilerler» diýip, kompaniýanyň wekili mälim etdi.
Apple kompaniýasynyň maglumatyna görä, bu kemçilik telefonlaryň diňe az böleginde we köplenç, ulanylyp başlanandan köp wagt geçmänkä ýüze çykarylýar. Telefonlaryň köpüsi bolsa kadaly işleýär.
Ekrany zeper ýeten telefony çalyşmak üçin AppleCare+ giňeldilen kepilliginiň bolmagy hökmany däl. Telefon aragatnaşyk operatoryndan satyn alnan bolsa-da, ony çalyşmak üçin gönüden-göni AppleCare gullugyna ýüz tutmaly.
Ekranlaryň çat açýandygy baradaky ilkinji habarlar geçen dynç günleri Reddit platformasynda we beýleki internet forumlarynda peýda boldy. Ulanyjylaryň aýdyşyndan çen tutsaň, zeper telefonyň içki ekranynyň hut ortaky eplenýän ýerinde, ýagny şarniriniň ýerleşýän çyzygy boýunça ýüze çykýar. Muňa garamazdan, çyn maglumatlar bilen bir hatarda, emeli aň arkaly döredilen bolaýmagy ähtimal habarlaryň hem bardygyny göz öňünde tutmalydyr.
iPhone Duo-ny söküp öwrenen iFixit hünärmenleri zeper ýetmegine şarniriň käbir bölekleriniň ekrana aşa güýçli basyşynyň sebäp bolup biljekdigini çaklaýarlar. Olar telefonyň gurluşynda käbir şübhe döredýän aýratynlyklaryň bardygyny belleseler-de, enjamyň barlag geçirilen döwürde bazarda bar bolan şeýle telefonlaryň arasynda abatlamak üçin iň amatlylarynyň biridigini nygtadylar.
Täze telefonyň berkligini JerryRigEverything atly YouTube kanalynyň awtory, tehnologiýa synçysy Zak Nelson hem synagdan geçirdi. Synaglar iPhone Duo-nyň gowşak ýerleriniň bardygyny görkezdi. Ýöne Apple häzirlikçe enjamyň gurluşynyň ekrandaky çat açmalaryň döremegine täsiriniň bardygyny ýa-da ýokdugyny mälim etmedi.