Apple we Samsung kompaniýalary eplenýän smartfonlarda ulanmak üçin aşa ýuka aýnanyň (UTG) täze görnüşini işläp düzýärler. Täze aýnanyň merkezi bölegi has ýuka, eplenmeýän gyralary bolsa oňa görä has galyň bolar. Bu tehnologiýany 2028-nji ýyldan başlap ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda kompaniýalaryň ikisem eplenýän telefonlarynda galyňlygy birmeňzeş bolan UTG aýnasyny ulanýar. ZDNet neşirinde habar berilmegine görä, hünärmenler ortaky böleginiň galyňlygy, takmynan, 40 mikrometr, gyralarynyň galyňlygy bolsa 100 mikrometrden gowrak bolan aýnany döretmegiň üstünde işleýärler. Merkezi bölegiň has ýuka bolmagy eplenende aýna düşýän agramy azaldyp, onuň jaýrylmak ähtimallygynyň öňüni almaly.
Degişli bölegi ýörite usul bilen ýukaltmak göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtda ekranda ýukaldylan bölegiň sepi bildirip durmaz ýaly, ol ýere töweregindäki aýna bilen birmeňzeş optiki häsiýetlere eýe bolan ýörite material ýerleşdiriler. Apple bilen Samsung-yň bu tehnologiýany ulanmak babatdaky gutarnykly kararyna 2027-nji ýylyň dördünji çärýeginde garaşylýar.
Iki kompaniýanyň eplenýän ekranlarynyň gurluşy hem tapawutlanýar. iPhone Duo modelinde UTG aýnasynyň iki gatlagy ulanylýar. Olaryň ýokarkysy OLED ekrany goraýar, aşaky gatlagy bolsa eplenýän ýerde emele gelýän gasynlaryň bildirmezligine ýardam edýär.
Samsung bolsa UTG aýnasyny diňe gorag gatlagy hökmünde ulanyp, OLED ekranynyň aşagynda titan gatlagy ýerleşdirýär. Ýöne kompaniýa UTG aýnaly görnüşi hem işläp düzýär.
Apple kompaniýasyna UTG aýnasyny esasy üpjün edijileriň biri Hytaýyň Lens Technology kompaniýasydyr. Şol bir wagtda, bar bolan maglumatlara görä, iPhone Duo üçin çeýe OLED ekranlaryny diňe Samsung Display kompaniýasy üpjün edýär.