iPhone 18 Pro smartfonlarynyň eýeleri telefonlaryň korpusynyň reňkiniň solýanlygyndan şikaýat edýär. Olaryň aýtmagyna görä, täze goýy gyrmyzy reňkli modelleriň käbiriniň reňki solup, açyk gyzyla öwrülipdir.
Şonuň ýaly-da käbir gara reňkli enjamlarda hem şeýle üýtgeşme ýüze çykarylypdyr. Bu ýagdaýyň näçe telefonda gabat gelýändigi häzirlikçe belli däl.
Hytaýyň MyDrivers neşiriniň habar bermegine görä, ulanyjylaryň çap eden suratlarynda reňkiň solandygy, esasan, korpusyň gyralarynda we kamera toplumynyň töwereginde mese-mälim bildirýär. Telefon eýeleri enjamlaryny gorag gaplaryna salyp göterendiklerini hem-de olary arassalamak üçin himiki serişdeleri ulanmandyklaryny aýdýarlar.

Bu ýagdaýyň ýüze çykmagyna alýumin korpusyň üstüni örtýän we oňa reňk berýän anodlaşdyrma işiniň nädogry geçirilmegi sebäp bolup biler diýlip çak edilýär. Gorag gatlagy ýeterlik derejede berk bolmasa, der we deri ýagynyň onuň içine aralaşyp, wagtyň geçmegi bilen reňke täsir edip bilmegi ähtimal. Emma bu çaklama-da häzirlikçe resmi taýdan tassyklanmadyk.
Şuňa meňzeş ýagdaý 2025-nji ýylda mämişi reňkli iPhone 17 Pro telefonlarynyň käbirinde hem ýüze çykypdy. Şonda käbir enjamlaryň reňki gülgünä öwrülipdi. Ýöne bu mesele köpçülikleýin häsiýete eýe bolmandy.