Caviar kompaniýasy Apple-iň 50 ýyllygy mynasybetli ýörite bezelen iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleriniň täze tapgyryny hödürledi. Bu enjamlar altyn, titan we uglerod süýüminden ýasalan görnüşlerde elýeterli bolar.
Bu tapgyryň esasy aýratynlygy yzky gapagyň özboluşly we biri-birinden tapawutlanýan dizaýnydyr: korpusyň esasy bölegi bir reňkde ýerine ýetirilip, kamera blogunyň aşagyndaky panel başga materialdan we başga reňkde ýasalypdyr.
Satyn alyjylara dört görnüş hödürlenýär:
• «Titan çal» — gara reňkli titan panel bilen bezelen.
• «Gara Aý» — tutuşlygyna gara reňkde bolup, kümüş reňkli titan paneli 50 san belgileri bilen haşamlanan.

• «Asman gök» — açyk gök reňkli korpus we gara uglerod süýümli panel bilen ýerine ýetirilen.
• «Altyn şerap» — goýy gyzyl reňkli korpus we üstüne 24 karat altyn çaýylan, 50 san belgileri bilen haşamlanan paneli birleşdirýär.

Bu nepis bezelen enjamlaryň bahasy modeline we ýadynyň göwrümine baglylykda 7000-den 9000 ABŞ dollary aralygynda bolar.
Resmi maglumatlara görä, iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleriniň satuwy 18-nji sentýabrda başlanar. Caviar bolsa ýörite bezelen nusgalary indiki aýdan hödürläp başlar.