Ilon Maskyň kompaniýalary Apple-i kazyýete çekmekden ýüz öwürdi

Şu gün, 12:101,132

Ilon Maska degişli X Corp we SpaceXAI kompaniýalary Apple-e garşy gönükdirilen kazyýet arzasyny yzyna aldy. Bu barada Reuters agentligi kazyýet resminamalaryna salgylanyp habar berýär.

Gürrüňi edilýän arza geçen ýylyň awgust aýynda Tehas ştatynyň federal kazyýetine berlipdi. Maskyň kompaniýalary Apple bilen OpenAI-yň özara ylalaşyp, ChatGPT-ni iPhone, iPad we Mac enjamlarynyň operasiýa ulgamlaryna birleşdirmeginiň adalatly bäsdeşlik baradaky kanunlary bozýandygyny öňe sürüpdi.

Şikaýatçylaryň pikirine görä, bu ýagdaý ulanyjylaryň beýleki çat-botlary, şol sanda Maskyň kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan Grok-y saýlamak mümkinçiliklerini çäklendirýär.

Kazyýet arzasynyň näme sebäbe görä yzyna alnandygy we taraplaryň arasynda nähili ýagdaýda ylalaşyk gazanylandygy hakda resminamalarda hiç zat aýdylmaýar.