Apple kompaniýasy iPhone satuwy boýunça rekord girdeji gazandy

Şu gün, 10:56502

Apple kompaniýasy 2026-njy maliýe ýylynyň dördünji çärýeginde iPhone smartfonlarynyň satuwyndan rekord girdeji gazandy. Özi-de bu netije kompaniýanyň güýzki täze smartfon hatarynda diňe gymmat bahaly iPhone 18 Pro we Pro Max modelleriniň bolandygyna garamazdan gazanyldy.

Iýul-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde iPhone satuwyndan gelen girdeji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17% artyp, 57,58 mlrd dollara ýetdi.

Şol bir wagtyň özünde, Apple öňki nesle degişli smartfonlarynyň bahasyny hem galdyrdy. Hasabat döwründe kompaniýa özüniň ilkinji eplenýän smartfony bolan iPhone Duo modelini hem tanyşdyrdy. Emma bu enjamyň deslapky sargytlaryndan geljek girdeji çap edilen hasabata goşulmady.

Kompaniýanyň maliýe netijelerine enjamlaryň önümçiliginde ulanylýan şaýlaryň, ilkinji nobatda, ýat çipleriniň gymmatlamagy we üpjünçilikdäki bökdençlikler hem täsir etdi. Zerur şaýlaryň ýetmezçiligi sebäpli, iPhone Duo-nyň ilkinji önümçilik möçberi çäkli boldy. Käbir sargytlaryň müşderilere gowşurylyş möhleti bolsa 2027-nji ýyla geçirildi.

«Iýun aýynda tamamlanan çärýek bilen deňeşdirilende, ýat çipleriniň bahasy ýokarlandy. Munuň täsiri, belli bir derejede, öňden bar bolan ätiýaçlyk gorlarymyzyň we beýleki şaýlaryň çykdajylarynyň azaldylmagynyň hasabyna öwezini doldy» diýip, Apple kompaniýasynyň baş direktory Jon Ternus CNBC teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

Hasabat döwründe Apple kompaniýasynyň umumy girdejisi 12% artyp, 114,5 mlrd dollara barabar boldy. Mac kompýuterleriniň satuwyndan gelen girdeji 24% ýokarlanyp, 10,79 mlrd dollara ýetdi. App Store dükanynyň hyzmatlaryndan alynýan tölegleri we abuna ýazylmalary öz içine alýan hyzmatlar ugrunyň girdejisi bolsa 31,57 mlrd dollary düzdi.

Şol bir wagtyň özünde, iPad planşetleriniň satuwyndan gelen girdeji 10% azalyp, 6,24 mlrd dollara düşdi.