Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidentligine dalaşgär bolup biler. Sky Sports neşiriniň maglumatyna görä, 51 ýaşly angliýaly futbolçy degişli teklip alsa, saýlawlara gatnaşmak mümkinçiligine seretmäge taýýar.
Ýewropanyň futbol federasiýalary, şol sanda UEFA, FIFA-nyň häzirki prezidenti Janni Infantinonyň ornuna başga dalaşgär gözleýär. Infantino 2016-njy ýyldan bäri gurama ýolbaşçylyk edýär we ýene-de bu wezipä saýlanmagy maksat edinýär. Häzirlikçe ol prezidentlige resmi taýdan dalaşgärligini yglan eden ýeke-täk adam bolup durýar.
Neşirde aýdylyşy ýaly, Bekhem halkara derejesindäki meşhurlygy, futbol dünýäsindäki giň gatnaşyklary we dolandyryş tejribesi sebäpli mümkin bolan dalaşgärleriň biri hökmünde görülýär. Ol 2018-nji ýyldan bäri argentinaly futbolçy Lionel Messiniň çykyş edýän «Inter Maýami» klubunyň paýdar eýeleriniň biridir.
Mundan başga-da, Bekhem ozal FIFA-daky korrupsiýa bilen bagly dawa-jenjelleri-de tankytlapdy. Şol bir wagtda onuň uly baýlygy saýlaw kampaniýasyny maliýeleşdirmäge hem kömek edip biler.
Prezidentlige dalaş edip biljek beýleki adamlaryň arasynda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Luiş Figu, «Arsenalyň» öňki tälimçisi Arsen Wenger, UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferin, Norwegiýanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Lise Klaweness we «Pari Sen-Žermeniň» prezidenti Nasser Al-Helaýfi hem bar. Şeýle hem beýleki futbol guramalarynyň we klublarynyň wekilleriniň atlary agzalýar.
Neşirde dünýä çempionatynyň täjirçilik hukuklarynyň bir bölegini daşarky maýadarlara satmak baradaky teklip boýunça ýüze çykan düşünişmezliklerden soň, Ýewropanyň käbir futbol federasiýalarynyň Infantinony goldamagy bes edendikleri aýdylýar. FIFA soňra bu teklipden ýüz öwürdi, Infantino bolsa goýberilen säwlikler üçin ötünç sorady. UEFA bolsa öz hyzmatdaş konfederasiýalary bilen bilelikde başga dalaşgär gözlemegi maksat edinýändigini mälim etdi.
FIFA-nyň prezidenti boýunça saýlawlaryň geçirilmegi 2027-nji ýylyň martynda meýilleşdirilýär. Dalaşgärlerden arzalary kabul etmegiň soňky möhleti 2026-njy ýylyň 18-nji noýabrydyr.
Häzirlikçe Dewid Bekhemiň saýlawlara gatnaşmagy baradaky maglumatlar diňe bir gürrüňligine galýar, çünki ol özüniň dalaşgärligini resmi taýdan yglan etmedi.