Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFK Çempionlar ligasy 2-de Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» toparyndan 1:2 hasaby bilen ýeňildi. Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygy Abu-Dabide, «Muhammet bin Zaýed adyndaky stadionda» geçirildi.
Ýer eýeleri 55-nji minutda Malkomyň penaltiden salanb goly bilen öňe saýlandy. 66-njy minutda Abdy Başimow kelle bilen gol urup, hasaby deňledi.

Emma duşuşygyň goşmaça wagtynda, 90+6-njy minutda Mužkiç gol geçirip, BAE-li topara ýeňiş getirdi.
Oýna Abdulla Jamaliniň ýolbaşçylygyndaky kuweýtli eminler topary eminlik etdi.
«B» toparçasynyň beýleki duşuşygynda Bahreýniň «Al-Muharrak» topary Eýranyň «Gol Gohar» klubyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Omandaky «Al-Sib» stadionynda geçirilen bu oýunda Artur Rezende 48-nji minutda, Tobares bolsa 90+4-nji minutda tapawutlandy.
Iki tapgyrdan soň dört utuk toplan «Al-Jazira» toparçada öňdeligi eýeleýär. «Al-Muharrak» bilen «Arkadagyň» hersinde üç utuk bar, ýöne bir gol tapawudy bilen bahreýnli topar ikinji orunda, türkmen kluby bolsa üçünji orunda ýerleşýär. Dördünji orundaky «Gol Gohar» bir utuk gazandy.
Birinji tapgyrda «Arkadag» öz meýdançasynda «Al-Muharrak» toparyny 1:0 hasabynda ýeňipdi. «Al-Jazira» bilen «Gol Goharyň» duşuşygy bolsa 0:0 hasabynda tamamlandy.
«Arkadag» indiki duşuşygyny 28-nji oktýabrda «Gol Gohar» toparyna garşy geçirer. Eýran topary garşydaşyny Täjigistanyň Gissar şäherindäki «Hisor» stadionynda kabul eder. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:45-de başlanar. Bu toparlaryň jogap duşuşygy 4-nji noýabrda Türkmenistanda geçiriler.
Toparçalaýyn tapgyrda «Arkadag» 25-nji noýabrda myhmançylykda «Al-Muharrak» bilen, 9-njy dekabrda bolsa öz meýdançasynda «Al-Jazira» bilen duşuşar.