Öňem habar berşimiz ýaly, «Mançester Siti» Angliýanyň futbol taryhyndaky iň uly maliýe dawalarynyň biriniň jümmüşine düşdi. Garaşsyz topar klubuň 2009–2018-nji ýyllar aralygynda maliýe düzgünlerini bozmakda aýyplanýan 115 ýagdaýynyň 114-sinde günäkärdigini ykrar etdi. Emma bu iş diňe bir klubuň özi üçin däl, eýsem, tutuş Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) geljegi we futbol dünýäsinde maliýe gözegçiliginiň nähili amala aşyrylýandygynyň görkeziji synagyna öwrüldi.
APL-iň çaklamasyna görä, klub dokuz möwsümiň dowamynda maliýe hasabatlaryny bilkastlaýyn ýoýupdyr. Resminamalarda serişdeler hemaýatkärlerden gelýän girdeji hökmünde görkezilipdir. Emma öňe sürülýän aýyplamalarda aýdylyşy ýaly, tölegleriň ep-esli bölegini «Mançester Sitiniň» eýeleri bilen arabaglanyşygy bolan Abu Dhabi United Group guramasy üpjün edipdir. Bu bolsa hemaýatkärlikden gelýän girdejileri emeli usulda artdyrmaga we çykdajylary pes görnüşde görkezmäge mümkinçilik beripdir.

Maliýe düzgünleriniň bozulmagy bilen bagly amallaryň umumy möçberi 900 million funt sterlinge (takmynan, 1,192 milliard ABŞ dollaryna) deň diýlip çaklanylýar.
Derňew 2018-nji ýylyň dekabrynda başlandy. Iş boýunça karar 2026-njy ýylyň sentýabrynyň ahyrynda yglan edildi, 2-nji oktýabrda bolsa klub şikaýat arzasyny berdi. Indi işi başga bir garaşsyz topar gözden geçirer. Mümkin bolan jeza aýratynlykda kesgitlenmeli, ýöne gutarnykly kararyň haçan çykaryljakdygy häzirlikçe belli däl.APL-iň düzgünleri jerime salmagy, klubdan utuk aýyrmagy, hatda ony ligadan çykarmagy hem göz öňünde tutýar. Sila International Lawyers hukuk firmasynyň uly hukuk geňeşçisi Ýuriý Ýahnonyň pikiriçe, çäre hökmünde klubdan ep-esli utugyň aýrylmagy ýa-da uly möçberdäki jerimäniň salynmagy bolup biler.
Maliýe ýitgileriniň rugsat berlen çäkden geçmegi sebäpli jezalandyrylan «Ewerton» we «Nottingem Forest» klublarynyň işlerinden tapawutlylykda, «Mançester Siti» köp sanly we yzygiderli düzgün bozmalarda aýyplanýar. 2023/24 möwsüminde «Ewertondan» iki gezek utuk aýryldy, «Nottingem Forest» bolsa dört utugyny ýitirdi. Ýöne «Mançester Sitä» bu babatda has berk çäre görülmegi mümkin.
Klubuň APL-den çykarylaýmagy hem mümkin, ýöne munuň üçin aýratyn düzgün boýunça iş alyp barmak we liganyň agzalarynyň azyndan dörtden üç böleginiň razylygyny almak zerur. Klubdan çempionatda galmak hukugyny ýitirer derejede köp utugyň aýrylmagy hem berlip bilinjek jezalaryň biri bolup durýar.

Öň gazanylan çempionlyk atlaryndan mahrum etmek ähtimallygy has pes hasaplanýar. Sebäbi APL-iň düzgünlerinde şeýle jezany anyk göz öňünde tutýan kadalar ýok. Muňa garamazdan, hukukçylar garaşsyz toparyň bu çäräni ulanmak üçin esas tapmaga synanyşmagynyň mümkindigini-de aradan aýyrmaýarlar.
Karar name sebäpden tutuş liga üçin möhüm?
Bu ýagdaýda beriljek ýeňil jeza maliýe düzgünlerine bolan ynamy pese gaçyryp, olary bozaýanyňda-da eýle-beýle temmi bilen sypyp bolýar diýen düşünjäni döredip biler. Beýleki tarapdan, Angliýanyň iň iri klublarynyň birine berk çäreleriň görülmegi, APL-iň täjirçilik girdejilerine, teleýaýlym hukuklarynyň bahasyna we çempionatyň özüne çekijiligine täsir edip biler.
Käbir bilermenler, hatda berk kararyň hem liga uly ykdysady zyýan ýetirmejekdigini aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, düzgünleriň hemmeler üçin deň we aýdyň ulanylmagy gözegçilik ulgamyna bolan ynamy güýçlendirip, tutuş futbol telekeçiligi üçin töwekgelçilikleri azaldyp biler.
Şeýle-de bu işiň geljekki maýadarlaryň kararlaryna hem täsir etmegi ahmal. Maliýe çäklendirmelerini bozmagyň hasabyna artykmaçlyk gazanmagy göz öňünde tutýan maýadarlar indi munuň döredip biläýjek netijelerini hem nazara almaly bolarlar. Üstesine-de, çykaryljak gutarnykly karar şuňa meňzeş işlere seredilende Ýewropanyň beýleki çempionatlary we UEFA üçin hem nusga bolup bilerdi.
Şeýlelikde, «Mançester Sitiniň» işi APL-iň ähli klublar üçin umumy düzgünleri berjaý edip bilşiniň hem-de başarnygynyň synagyna öwrüldi. Bu işiň netijesi diňe bir klubuň geljegini däl, eýsem, iňlis futbolyndaky maliýe gözegçilik ulgamynyň näderejede ygtybarlydygyny hem kesgitlär.