Futbol klublary transfer üçin tas $10 mlrd sarp edip, dünýä rekordyny ýene täzeledi

Düýn, 16:303,951
1 / 2

Tomusky transfer möwsüminde bütin dünýä boýunça futbol klublary oýunçylary satyn almak üçin rekord derejede 9,89 mlrd dollar sarp etdi. Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) maglumatlaryna  görä, bu transfer bazarynyň aňryçäk bahasydyr.

Geçen tomus toparlar täze futbolçylar üçin jemi 9,74 mlrd dollar çykdajy etdi.

Bazarda iň köp puly - 3,02 mlrd dollardan gowrak serişdäni, adatdakysy ýaly, iňlis klublary sarp etdi, bu bolsa ähli global çykdajynyň tas üçden biridir. Olar resmileşdirilen ylalaşyklaryň sany boýunça hem öňdeligi eýeledi.

Çykdajylar boýunça ilkinji bäş ýurduň hataryna Italiýa ($1,1 mlrd), Ispaniýa ($940 mln), Germaniýa ($904 mln) we Fransiýa ($641 mln) girdi. Şol bir wagtyň özünde, hut fransuz klublary satuwdan gazanylan girdeji boýunça birinji boldy. Olar rekord derejede 1,7 mlrd dollar gazandy.

Umuman, tomusda FIFA erkekler futbolynda 12,5 müňden gowrak halkara transferi hasaba alyndy, bu hem täze iň ýokary görkeziji boldy.

Ýakyn wagtda geçen 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty bazara uly täsirini ýetirdi. Ýaryşa gatnaşan futbolçylar tomusky ähli çykdajynyň üçden birinden gowragyny üpjün etdi. DÇ-niň 267 gatnaşyjysy boýunça şertnamalaryň mukdary 3,3 mlrd dollardan geçdi. Munuň bilen birlikde agentleriň gazanjy hem artdy, olaryň tomusky komission tölegleri 700 mln dollardan gowrak boldy.

Professional zenanlar futbolynda hem rekordlar hasaba alyndy. Bu ýerde tomusda 1406 transfer resmileşdirildi. Zenan oýunçylaryň transferleri üçin umumy çykdajylar bir ýylyň dowamynda iki esseden hem gowrak artyp, taryhy iň ýokary görkezijä — 28,6 mln dollara ýetdi. Bu ýerde hem çykdajylar boýunça Angliýa 8 mln dollar sarp edip öňdeligi eýeleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.