«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogyny aldy: 14-nji sekuntda geçirilen gol rekordy täzeledi

19.04.2026, 09:0510,181
1 / 3

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda penalti tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» ýeňlişe sezewar etdi.

Sewilýada geçirilen duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy. «Real Sosýedadyň» düzüminde gollary Ander Barreneçea (1-nji minut) we 11 metrlik jerime urgusyny ýerine ýetiren Mikel Oýarsabal (45+1) geçirdi. «Atletikonyň» gollaryny bolsa Ademola Lukman (18) we Hulian Alwares (83) öz adyna ýazdy. Goşmaça wagt golsuz geçdi, penalti tapgyrynda bolsa «Real Sosýedadyň» futbolçylary has takyk boldy — 4:3.

Barreneçea duşuşygyň 14-nji sekuntynda hasaby açyp, Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşyklarynyň taryhynda iň çalt geçirilen goluň awtory boldy. Mundan öňki rekord 1952-nji ýylda «Walensiýanyň» öňki hüjümçisi Manuel Badenes tarapyndan goýlupdy (17-nji sekunt).

Oýarsabal «Real Sosýedadyň» taryhynda Ispaniýanyň Kubogynyň iki dürli finalynda gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Ol mundan ozal 2019/20 möwsüminiň finalynda Bilbaonyň «Atletigine» garşy oýunda hem 11 metrlik urgyny gol bilen tamamlapdy.

«Real Sosýedad» öz taryhynda dördünji gezek Ispaniýanyň Kubogyna eýe boldy. San-Sebastýan şäheriniň topary mundan ozal 1909, 1987 we 2020-nji ýyllarda bu ýaryşda ýeňiji bolupdy. «Atletiko» bolsa Ispaniýanyň Kubogynyň on gezek eýesidir, Madridiň kluby bu kubogy soňky gezek 2012/13 möwsüminde alypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.