«Barselona» futbol kluby Nike kompaniýasy bilen bilelikde 2026/27-nji ýyl möwsüminde öý meýdançasynda geýjek täze eşigini hödürledi. Tanyşdyrylyş Barselonanyň häzirkizaman sungat muzeýinde «“Blaugrananyň” ýürek urgusy. Bizi herekete getirýän hyjuwlar» şygary astynda tansy we aýdym-sazy birleşdiren şüweleň görnüşinde geçirildi.
Täze köýnekçe däp bolan gök-gyzyl zolaklary saklap galdy, reňk gradienti bolsa dizaýna hereket we çuňluk duýgusyny bermek üçin ulanyldy. Futbolçylaryň atlary we belgileri ýörite klub üçin işlenip taýýarlanan täze «Barcelona Modernista» şrifti bilen ýazylar. Bu bolsa Barselonanyň wizual aýratynlygy we Kataloniýanyň medeni mirasy bilen arabaglanyşygy nygtamaga gönükdirilendir.

Şol bir wagtyň özünde, bu täze şrift diňe Çempionlar ligasynyň, Ispaniýanyň Kubogynyň we Ispaniýanyň Superkubogynyň duşuşyklarynda ulanylar. Ispaniýanyň çempionatynyň oýunlarynda bolsa topar öňki bolşy ýaly La Liganyň standart şrifti bilen çykyş etmegini dowam etdirer.
Sport geýimini öndürmekde oýun wagtynda howa çalşygyny gowulandyrmaga we futbolçylaryň rahatlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän döwrebap tehnologiýa ulanyldy.
Formada «Barça Foundation» gaznasynyň logotipi hem ýerleşdiriler.

Geçen möwsümde «Barselona» öz taryhynda 29-njy gezek Ispaniýanyň çempiony boldy.