Saýlanan şäher
20 awgust 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
netflix
Baş sahypa
/
Habarlar
/
netflix
Filtr
Kategoriýa
Ählisi
Peýdaly maglumat
Syýasat we ykdysadyýet
Medeniýet we jemgyýet
Ylym we tehnika
Bilim
Syýahatçylyk
Moda we stil
Sport
Hi-tech
Awto
Biznes
Hadysalar
Saglyk
Nebit we gaz
Teg
Türkmenistan
futbol
filmler we multfilmler
ylym
ABŞ
ykdysadyýet
awtoulag dizaýny
emeli aň
saglyk
tebigat
09.08.2026 15:34
3.4k+
Netflix «Kalmar oýnunyň» amerikan wersiýasyndan el çekdi
Netflix «Kalmar oýny» (Squid Game) serialynyň amerikan spin-off-yny işläp düzmegini bes etdi. Ony režissýor Dewid Finçer düşürmelidi diýip, The Playlist portaly habar berýär.
09.08.2026 01:04
4.1k+
Netflix täze trilleri üçin mahabat tagtasyny ýaşaýyş jaýyna öwürdi
Netflix «Iň soňky öý» atly ylmy-fantastik trilleriň premýerasyna bagyşlap, Holliwudda üýtgeşik mahabat kampaniýasyny geçirdi. Entertainment Weekly neşiriniň ýazmagyna görä, mahabat tagtalarynyň biri hakyky...
02.08.2026 14:30
6.1k+
Nikolas Keýjiň täze filmi ýazylan diskiň ogurlanany üçin Netflix-den 105 mln $ öwez puly talap edilýär
Şweýsariýaly işewür Saýmon Afram we Op-Fortitude kompaniýasy Netflix-iň üstünden kazyýete arz etdiler. Olar striming hyzmatyny Ikinji jahan urşy baradaky neşir edilmedik täze filmiň şifrlenmedik esasy nusgaly...
21.07.2026 15:36
6.3k+
Netflix 2026-njy ýylyň birinji ýarymyndaky iň meşhur filmlerini we seriallaryny yglan etdi
Netflix 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda iň köp tomaşa edilen filmleriň we seriallaryň sanawyny çap etdi. Sanawyň başyny "Harby maşyn" (Военная машина) filmi we "Onuňky we onuňky" (Его и её) serialy çekdi.
17.07.2026 17:49
5k+
«Portudan» «Reala» dolanmagyna çenli: Mourinýu Netflix-iň täze serialynyň gahrymany bolar
Netflix striming platformasy portugaliýaly futbol tälimçisi Žoze Mourinýu barada täze dokumental serialyň çykjakdygyny resmi taýdan yglan etdi. Taslama üç sany bölümden ybarat bolar. Onuň premýerasy 11-nji...
15.05.2026 11:36
2.4k+
Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady
Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi.
14.05.2026 17:28
5.2k+
«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar
Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok.
11.05.2026 23:23
2.8k+
Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi
Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak...
23.04.2026 21:04
2.3k+
Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar
Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar...
19.04.2026 14:19
2.7k+
Netflix-iň esaslandyryjysy Rid Hastings 30 ýyla golaý işläninden soň kompaniýadan gidýär
Netflix striming hyzmatynyň esaslandyryjysy Rid Hastings müdirler geňeşiniň başlygy wezipesiniň möhleti tamamlanandan soň, iýun aýynda kompaniýadan gider.
14.04.2026 14:51
1k+
Netflix «One Piece» animesiniň LEGO görnüşiniň treýlerini hödürledi
Netflix striming gullugy «One Piece» («Bir bölek») älemine esaslanan LEGO-spin-off barada habar berdi we taslamanyň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi.
11.04.2026 12:01
2.2k+
Netflix Zoluşkanyň öweý uýalary baradaky «Steps» multfilminiň ilkinji kadrlaryny görkezdi
Netflix striming hyzmaty geljekki «Steps» multfilminiň ilkinji kadrlaryny çap etdi. Afişa neşiriniň habar bermegine görä, bu multfilmiň sýužeti Zoluşkanyň öweý uýalaryna gönükdirilendir.
02.04.2026 15:50
4.8k+
Netflix Ronaldinýo barada serial çykarar
Netflix striming platformasy ähli döwürleriň iň beýik futbolçylarynyň biri bolan braziliýaly Ronaldinýo barada dokumental serial taýýarlaýar. Bu barada kompaniýa özüniň sosial ulgamynda habar berdi.
31.03.2026 16:55
902
Warner Music we Netflix aýdym-saz ýyldyzlary barada dokumental film düşürerler
Warner Music Group bilen Netflix köpýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdylar. Bu şertnamanyň çäginde, Netflix meşhur saz leýbli bilen baglanyşygy bolan aýdymçylar we kompozitorlar barada dokumental...
28.03.2026 16:47
3.6k+
«Gaty geň zatlaryň» esasynda döredilen multserialyň täze treýleri çykdy
Internetde «Gaty geň zatlar: 85-nji ýylyň hekaýatlary» (Очень странные дела: Истории из 85-го) atly animasiýa taslamasynyň täze treýleri peýda boldy. Serialyň ilkinji görkezilişi 23-nji aprelde Netflix...
22.03.2026 07:54
2.8k+
«Kesgir gaşlar: Ölmez adam» atly doly göwrümli film çykdy
Netflix platformasynda «Kesgir gaşlar» serialynyň doly göwrümli dowamy tomaşaçylara hödürlendi. «Ölmez adam» («Острые козырьки: Бессмертный человек») diýlip atlandyrylýan film Tomas Şelbiniň taryhyny dowam etdirýär
18.03.2026 15:04
1.5k+
Netflix Frida Kalo we Diego Riweranyň durmuşy barada serial surata düşürer
Netflix meksikaly zenan suratkeş Frida Kalo we onuň adamsy Diego Riweranyň durmuşy barada täze serialyň üstünde işläp başlady» diýip, Deadline neşiri habar berýär. Taslama Kler Berestiň «Gara reňk ýok, bolmazam» (Rien n'est noir) atly romanyna esaslanar
13.03.2026 19:32
5.1k+
Netflix Teýmirleňiň ömri baradaky filmiň tizerini çykardy
Dünýäniň iň uly striming platformasy bolan Netflix Emir Teýmiriň durmuşyna bagyşlanan täze filminiň tizerini tanyşdyrdy. Kino «Teýmirleň: Iň soňky basybalyjynyň beýgelişi» («Тамерлан: Восхождение последнего завоевателя») diýlip atlandyryldy
10.03.2026 16:13
2.5k+
Netflix Ben Afflegiň startapyny satyn alýar
Netflix kompaniýasy kino senagaty üçin emeli aň esasyndaky gurallary işläp taýýarlaýan "InterPositive" tehnologik startapyny satyn alýandygyny yglan etdi. Bu geleşik kompaniýanyň film we serial önümçiliginde neýroulgam tehnologiýalaryny has işjeň ulanmaga bolan ymtylyşyny aýdyň görkezýär
10.03.2026 14:52
8.4k+
«Atletikonyň» oýunçylary meýdança «Kesgir gaşlaryň» gangsterleriniň «goragy astynda» çykar
«Atletikonyň» futbolçylary «Kesgir gaşlar: Ölmez adam» (Острые козырьки: Бессмертный человек) atly doly metražly filmiň mahabat kampaniýasyna gatnaşar. Madrid kluby Netflix striming hyzmaty bilen hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy
07.03.2026 15:48
3.1k+
Netflix filosof Aristotel we ýetginjek Isgender Zülkarneýn hakdaky serialyň ugruna çykdy
Netflix meşhur serkerde Aleksandr Makedoniýaly (Isgender Zülkarneýin) we onuň halypasy, beýik filosof Aristoteliň arasyndaky gatnaşyklar barada gürrüň berýän «Aleksandr» atly täze serialy surata düşürer. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, taslamanyň režissýory we ssenariýaçysy Žakob Tirne bolar
04.03.2026 14:13
1.4k+
Garşydaşlar dil tapyşýar: Apple TV+ we Netflix seýrek ylalaşyga gol çekdiler
Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler
02.03.2026 14:51
3.9k+
Amerikanyň Ssenariçiler gildiýasy Warner Bros. bilen Paramount-yň birleşmeginiň öňüni almaga synanyşýar
Amerikanyň Ssenariçiler gildiýasy (WGA) Warner Bros. Discovery bilen Paramount kompaniýalarynyň birleşmegine garşy çykyş etdi. Gildiýa mümkin bolan birleşigi "ssenariçiler, tomaşaçylar we tutuş pudak üçin betbagtçylyk" diýip atlandyrdy
28.02.2026 19:26
4.9k+
$110 mlrd meseläni çözdi: Warner Bros. kompaniýasy bilen Paramount ahyr elleşdi
Warner Bros. Discovery kompaniýasy Paramount Skydance bilen bahasy 110 milliard dollara deň bolan birleşmek baradaky şertnamany baglaşdy. Bu barada Paramount kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Indi bu şertnama Ýewropa komissiýasynyň tassyklamagyna garaşýar
27.02.2026 18:51
2k+
Netflix baha teklibini galdyryp oturman, Warner Bros. Discovery boýunça gepleşiklerden çekildi
Netflix kompaniýasy Warner Bros. Discovery ugrundaky göreşde öz teklibini ýokarlandyrmakdan ýüz öwürdi we iş ýüzünde bäsdeşlikden çykdy diýen ýaly. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Warner Bros. Discovery-niň direktorlar geňeşi Paramount Skydance-iň iň soňky teklibiniň has amatly diýlip ykrar edilendigini habar berdi
25.02.2026 22:11
2.4k+
Netflix «Tekepbirlik we gümanalyk» romanynyň täze ekranlaşdyrmasynyň tizerini görkezdi
Netflix özüniň YouTube kanalynda Jeýn Ostiniň «Tekepbirlik we gümanalyk» («Гордость и предубеждение») romanynyň täze taslamasynyň tizerini görkezdi. Garaşylýan mini-serialda baş keşbi Emma Korrin ýerine ýetirýär
25.02.2026 18:36
2.2k+
Paramount kompaniýasy Warner Bros.-y almak üçin Netflix bilen göreşde teklibini ýokarlandyrdy
Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky teklibini resmi taýdan her paýnama üçin 31 dollara çenli ýokarlandyrdy diýip, CNN neşiri Warner Bros. Discovery-nyň beýanatyna salgylanyp habar berýär
19.02.2026 15:37
4.8k+
Netflix platformasynda ilkinji gezek MMA söweşi göni ýaýlymda görkeziler
Netflix öz taryhynda ilkinji gezek MMA söweşini göni ýaýlymda görkezer. 16-njy maýda geçiriljek bu tutluşygyň gatnaşyjylary Ronda Rauzi we Jina Karano bolar. Zenan türgenleriň ikisi hem karýerasyny tamamlanlaryndan soň, ýene oktagona dolanýar
12.02.2026 14:20
2.2k+
Warner Bros. kompaniýasy Netflix bilen arany üzse, ýitgini Paramount öz üstüne alar
Paramount kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça täze şertleri hödürledi. Teklibe görä, Paramount kompaniýasy Warner Bros.-yň 82,7 milliard dollarlyk şertnamany bozan ýagdaýynda Netflix-e tölemeli boljak öwez tölegini öz üstüne almaga taýýar
06.02.2026 17:00
1.3k+
YouTube 2025-nji ýylda 60 mlrd dollar gazanyp, Netflix-den öňe geçdi
YouTube wideohostingi 2025-nji ýylda täsirli maliýe netijelerini görkezdi: mahabatdan we ýazylyşyklardan gelýän umumy girdeji 60 mlrd dollara ýetdi. Bu görkezijiler platforma 45,18 mlrd dollar gazanan Netflix-den ep-esli öňe geçmäge we dynç alyş-güýmenje pudagynyň lideri bolan Disney kompaniýasyna (95,7 mlrd dollar) ýakynlaşmaga mümkinçilik berdi
06.02.2026 13:01
736
LEGO we Netflix «Keý-pop melgun awçylary» multfilmi boýunça toplum döredýärler
LEGO we Netflix «Keý-pop melgun awçylary» (K-Pop Demon Hunters) multfilmi esasynda birnäçe toplumlaryny yglan etdiler. Birinji toplumy şu ýylyň ýazynda sargyt edip bolar, satuwa bolsa tomusda çykar. Tizerde gaplaňy ýatladýan, pişikler maşgalasyndan bolan täsin jandar — Derpi görkezildi
04.02.2026 08:49
1.2k+
«Gaty geň zatlaryň» animasiýa spin-offy – «85-nji ýylyň hekaýatlary» tizer-treýleri çykdy
Netflix platformasy «Gaty geň zatlar: 85-nji ýylyň hekaýatlary» atly taslamanyň tizer-treýlerini çykardy. Bu «Gaty geň zatlaryň» animasiýa görnüşindäki spin-offy bolup, onda bolup geçýän wakalar serialyň ikinji we üçünji möwsümleriniň arasyndaky döwri öz içine alar
04.02.2026 08:33
1.1k+
BTS toparynyň 2022-nji ýyldan bäri ilkinji konserti Netflix-de göni ýaýlymda görkeziler
Netflix 21-nji martda Günorta Koreýanyň BTS pop-toparynyň 2022-nji ýyldan bäri ilkinji konsertiniň göni ýaýlymyny geçirer. Bu barada striming hyzmaty X sosial ulgamynda habar berdi. Seuldaky çykyş Günorta Koreýanyň taryhynda tutuş dünýäde tomaşa etmek üçin elýeterli boljak ilkinji göni ýaýlym bolar
31.01.2026 13:06
2.3k+
«Kagyz öýüň» spin-offy bolan «Berlin we samyrly hanym» serialynyň tizeri çykdy
Netflix-iň YouTube kanalynda «Berlin we samyrly hanym» (Берлин и дама с горностаем) serialynyň tizeri ýerleşdirildi. Bu taslama ozal «Kagyz öý» (Бумажный дом) serialynyň prikweli hökmünde çykan «Berlin» serialynyň dowamydyr
29.01.2026 17:21
5.1k+
Nike «Gaty geň zatlara» bagyşlanan täze krossowka toplumyny çykardy
Nike brendi we «Gaty geň zatlar» filmi özleriniň iň soňky bilelikdäki önümini — basketbol sport aýakgabynyň «Air Foamposite One» modelini tanyşdyrdylar. HypeBeast neşiriniň habar bermegine görä, gyzyl-gara öwüşginli bu krossowkalar 13-nji fewralda satuwa çykarylar
27.01.2026 07:16
3.5k+
Netflix 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynyň iň meşhur film we seriallaryny mälim etdi
Netflix platformasy 2025-nji ýylyň iýul-dekabr aýlary aralygynda iň köp tomaşa edilen film we seriallaryň reýtingini çap etdi. Bu sanawda uly gyzyklanma döreden premýeralar bilen bir hatarda, köpçüligiň ünsünden düşen käbir kinolar hem orun aldy
23.01.2026 15:27
2.1k+
Mett Deýmon: Netflix filmleri smartfona güýmenýän tomaşaçylara görä uýgunlaşdyrýar
Mett Deýmon we Ben Afflek tomaşaçylaryň endikleriniň Netflix-iň film döretmek usulyna nähili täsir edýändigi barada gyzykly maglumatlary berdiler. Deýmonyň aýtmagyna görä, platformanyň algoritmleri we adamlaryň film görüp oturanlarynda smartfona güýmenmek endigi döredijilikli çözgütlere gönüden-göni täsir edýär
21.01.2026 10:11
1.2k+
Netflix platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak teklibini üýtgetdi
Netflix striming platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky şertnamanyň şertlerini üýtgetdi. Indi platforma kompaniýanyň aktiwlerini nagt görnüşinde satyn almak, şol bir wagtyň özünde-de şertnamanyň umumy bahasyny 82,7 mlrd dollar derejesinde saklamak isleýär
18.01.2026 23:11
2.4k+
Dewid Finçer «Kliff Butuň başdan geçirmeleri» filminiň surata düşürilişini tamamlady
Kino muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan «Kliff Butuň başdan geçirmeleri» (The Adventures of Cliff Booth) filminiň surata düşüriliş işleri resmi taýdan tamamlandy. Kwentin Tarantinonyň «Bir gezek... Golliwudda» filminiň dowamy bolan bu täze taslama şu ýylyň tomsunda Netflix platformasynda tomaşaçylara hödürlener
18.01.2026 10:18
1.2k+
Netflix platformasy Sony Pictures-iň filmlerini we seriallaryny görkezmäge hukuk aldy
Netflix striming platformasy Sony Pictures bilen täze şertnama baglaşdy. Oňa laýyklykda, studiýanyň filmleri kinoteatr we içerki prokat tamamlanandan tiz wagtdan soň striming hyzmatynda peýda bolar. Bu Pay-1 formatly ygtyýarnama şertnamasydyr
«
1
2
3
4
5
»
«
1
2
3
4
5
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.