Netflix striming hyzmaty işgärleriniň sanyny, takmynan, 6% azaltmaga, ýagny 1000 töweregi işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar. Bu hakda NBC News we The Wall Street Journal neşirleri habar berýär.
Neşirleriň maglumatyna görä, bu kompaniýada 2022-nji ýyldan bäri geçiriljek iň uly işden çykarylyşyk bolar.
Meýilleşdirilýän ädimler barada işgärlere çarşenbe güni habar berildi. Netflix-iň ýolbaşçylary Greg Piters we Ted Sarandos işgärlere ýazan hatlarynda bu kararyň işgär we maliýe serişdelerini oýlanyşykly paýlamak zerurlygy bilen baglydygyny düşündirdiler. Olaryň aýtmagyna görä, bu çäre kompaniýanyň ösüşini dowam etdirmäge we geljegi uly ugurlara maýa goýmaga mümkinçilik berer.
Işden çykarylyşyk, esasan, önümleri işläp taýýarlamak, tehnologiýalar, hukuk meseleleri we işgärleri dolandyrmak bilen meşgullanýan bölümlere täsir eder.
Netflix-iň dünýäniň iň iri striming platformalarynyň biridigine garamazdan, oňa ulanyjylaryň işjeňligini görnetin ýokarlandyrmak häzirlikçe başartmaýar. Kompaniýanyň soňky çärýeklik hasabatyna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda abunaçylar kontenti 97 milliard sagatdan gowrak wagtlap görüpdirler. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2% köpdür.
Ýakyn wagtda kompaniýa şu ýylyň üçünji çärýeginiň maliýe netijelerini yglan eder.
Netflix-iň hasabatyndan çen tutsaň, 2025-nji ýylyň dekabrynda kompaniýanyň ştatdaky işgärleriniň sany, takmynan, 16 müňe barabar bolupdyr.