Netflix-iň tomaşaçylary animä «daňyldylar»

Şu gün, 09:03236

Soňky üç ýylyň dowamynda Netflix platformasynda ýapon animasiýasyna tomaşa etmek üçin sarp edilen wagtyň ösüş depgini platformadaky beýleki žanrlaryň görkezijisi bilen deňeşdirilende ep-esli ýokary boldy.

Media Partners Asia (MPA) kompaniýasynyň «What We Watched» maglumatlaryna esaslanan hasabatyna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda ulanyjylar anime tomaşa etmek üçin 4,64 milliard sagat sarp edipdir. 2023-nji ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 3,33 milliard sagada deň bolupdyr. Şeýlelikde, ösüş 39% bolup, şol bir döwürde Netflix-däki umumy tomaşa wagty bary-ýogy 4,5% artdy. Animeniň platformadaky paýy bolsa 3,6%-den 4,75%-e çenli ýokarlandy.

Animeniň iň güýçli ornaşan sebitleriniň biri Aziýa-Ýuwaş ummany sebitidir. Öwrenilen sekiz ýurtda tölegli wideo hyzmatlaryny ulanyjylaryň 31-47%-i her aý anime tomaşa edýär. Netflix bolsa bu žanrdaky elýeterli mazmunyň takmynan ýarysyny hödürleýär. Ýaponiýada anime tomaşa bazary esasan Netflix bilen Prime Video-nyň arasynda paýlaşylýar: olaryň her biriniň paýyna anime tomaşa etmegiň 40 göterimden gowragy düşýär. YouTube hem bu ugurda uly goşant goşýar. Diňe Ýaponiýanyň özünde bu platformadaky anime taslamalary her aý 70 million tomaşaçy ýygnaýar.

MPA-nyň seljerijileri 2030-njy ýyla çenli dünýäde animeniň önümçiligine edilýän çykdajylaryň her ýyl ortaça 10% artjakdygyny çaklaýarlar. Ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň Demirgazyk Amerika hem-de Ýaponiýadan başga Aziýa ýurtlary bolmagyna garaşylýar. Anime pudagynyň  iri kompaniýalarynyň hatarynda Aniplex, Sony, TOHO we Toei Animation bar.

Media Partners Asia kompaniýasynyň baş direktory Wiwek Kuto şeýle belleýär:

«Animeniň geriminiň uludygy indi mese-mälim görünýär. Esasy mesele mundan beýläkki ösüşiň nireden geljekdigi we ondan kimiň peýdalanyp biljekdigine bagly. Ösüşe täze dünýä bazarlaryna has işjeň çykýan striming hyzmatlary, «Infinity Castle» ýaly uly göwrümli filmleriň kinoteatrlarda görkezilmegi, şeýle hem franşizalary ekrandan has uzaklara çykarýan oýunlar we haryt önümçiligi itergi berer».