«Portudan» «Reala» dolanmagyna çenli: Mourinýu Netflix-iň täze serialynyň gahrymany bolar

Düýn, 17:492,728

Netflix striming platformasy portugaliýaly futbol tälimçisi Žoze Mourinýu barada täze dokumental serialyň çykjakdygyny resmi taýdan yglan etdi. Taslama üç sany bölümden ybarat bolar. Onuň premýerasy 11-nji awgusta meýilleşdirildi.

Sýužet hünärmeniň bütin tälimçilik ýoluny öz içine alar. Tomaşaçylar onuň «Portu» toparyndaky ýeňişli döwründen we Çempionlar ligasyndaky üstünliginden başlap, «Çelsi», «Inter», «Real Madrid», «Mançester Ýunaýted», «Tottenhem» we beýleki öňdebaryjy klublardaky işine çenli geçen ýoluny görüp biler.

Eksklýuziw interwýular taslamanyň möhüm bölegi bolar. Portugaliýaly hünärmen baradaky ýatlamalary we pikirleri bilen Mourinýunyň özi, şeýle hem dünýä futbolynyň tanymal şahsyýetleri: Aleks Fergýuson, Jon Terri, Didýe Drogba, Zlatan Ibragimowiç, Iker Kasilýas, Frenk Lempard we Petr Çeh dagy paýlaşar.

Serialyň çykmagy 63 ýaşly tälimçiniň durmuşyndaky uly waka — 2026/27-nji ýyl möwsüminiň öňüsyrasynda resmi taýdan Madridiň «Real» klubuna gaýdyp gelmegi bilen gabat gelýär. Mourinýu mundan ozal hem 2010 — 2013-nji ýyllar aralygynda madridlileri türgenleşdiripdi. Ol öz karýerasynyň dowamynda «Leýriýa», «Portu», «Çelsi», «Inter», «Mançester Ýunaýted», «Tottenhem», «Roma» we «Fenerbahçe» ýaly klublarda hem işlemäge ýetişdi.

Žoze Mourinýu futbol taryhyndaky iň köp titula eýe bolan tälimçileriň biri hökmünde ykrar edilendir. 2015-nji ýylda Portugaliýanyň Futbol federasiýasy oňa resmi taýdan «Asyryň iň gowy tälimçisi» diýen ady berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.