Amerikan aýdymçysy Teýlor Swift awtomobil heläkçiliginden soň ýetginjeklere kömek etjek bolup, agyr şikes alan Eşli Tauntona 50 000 dollar möçberde pul kömegini berdi. Bu barada «NBC» teleýaýlymy habar berýär.
Şu ýylyň iýul aýynda üç çaganyň ejesi, Rod-Aýlend amerikan ştatynyň ýaşaýjysy Eşli Taunton ýoldaky heläkçiligiň şaýady boldy: onuň öňünden barýan awtomobil dolandyryşy ýitirip, ýoldan çykdy. Aýal säginip, heläkçilige uçran awtomobildäki ýetginjekleri halas etmäge ylgady.
Ol zyýan çekenlere kömek edýänçä, ýolda ýene bir awtomobil dolandyryşy ýitirip, uly tizlik bilen göni olaryň üstüne sürüldi.
«Göz açyp-ýumasy salymda Eşli batyrgaýlyk görkezip, beýleki bir adamy howply ýerden itdi-de, esasy urgyny öz üstüne aldy» diýlip, onuň bejergisi üçin haýyr-sahawat serişdelerini toplamak üçin açylan onlaýn-sahypada aýdylýar.
Zyýan çeken aýalyň ýoldaşynyň aýtmagyna görä, Eşliniň aýagyna agyr şikes ýetipdir, ol köp sanly içki zeperlenmeleri we azyndan üç operasiýany başdan geçirdi.

Eşli özüniň ýagdaýy barada sosial torlarda gürrüň berip, hassahanadan, soňra bolsa öýünden suratlary paýlaşypdyr. Aýdymçynyň beren kömegi barada-da özi köpçülige ýetiripdir:
«Teýlor Swift, sen ajaýyp adam! Seni bagryma basasym gelýär. Belki, indiki gezek Westerlä geleniňde? Men ol ýerden 20 minut aralykda ýaşaýan… Hiç ynanyp bilemok, saňa çäksiz minnetdardyryn».
