Kodzimanyň PlayStation üçin taýýarlan oýny ýatyryldy: geýmdizaýner indi Xbox bilen işleşer

Şu gün, 11:301,170

Sony kompaniýasy Hideo Kodzimanyň PHYSINT atly täze oýnunyň döredilişine gatnaşmakdan çekildi. Indi PlayStation5 üçin niýetlenen bu dartgynly oýun Sony-niň gönümel bäsdeşi bolan Xbox Game Studios bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanar.

Kodzimanyň aýtmagyna görä, ol iýun aýynyň ortalarynda «PlayStation Studios» tarapyndan taslamanyň ýatyrylandygy barada duýdansyz habar alypdyr. Şondan soň Kodzima Productions üç aýlap täze hyzmatdaş gözläpdir.

Sony-niň Physint taslamasyndan näme sebäpden ýüz öwrendigi belli däl. Kompaniýa öz beýanynda diňe döredijileriň zehinine ýokary baha berýändigini we geljekde Kodzima Productions bilen beýleki taslamalaryň üstünde hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi umyt edýändigini belleýär.

Xbox-yň wekilleri bolsa Kodzimanyň toparynyň döredijilik garaýşyna düşünýändiklerini we ony goldaýandyklaryny mälim etdi. Indi Physint Xbox konsollarynda çykar. Oýun diňe şu platforma üçin niýetlenenmi, dälmi, häzirlikçe bellisi ýok.

Physint oýny 2024-nji ýylyň başynda yglan edilipdi. Taslama barada häzirlikçe kän maglumat berilmeýär. Kodzimanyň özi ony «täze nesliň içalylyk ekşni» diýip atlandyrypdy. Ýapon oýun dizaýnerlerine meşhurlyk getirenem hut şu žanrdaky oýunlar bolupdy.

Kodzima 2015-nji ýylda hususy studiýasyny esaslandyrdy. Studiýa Death Stranding we Death Stranding 2: On the Beach oýunlaryny çykardy. Olaryň ikisi hem Sony-niň goldawy bilen döredilipdi. Birinji bölüm soňra beýleki platformalarda-da peýda boldy.

Physint-den başga-da, häzirki wagtda Kodzima Productions OD atly horror oýnunyň üstünde işleýär. Bu taslama ilkibaşdan Xbox bilen bilelikde döredilip başlanypdy.