Türk lirasynyň hümmeti taryhda iň pes derejä ýetdi

Şu gün, 12:27919

Türk lirasynyň hümmeti taryhda iň pes derejä ýetdi we ilkinji gezek bir dollar 50 lira deň boldy. Bu barada Ekonomim neşiri habar berdi.

Neşiriň pikir soraşmasyna gatnaşan bilermenler dollaryň ondan hem ýokary galyp, 55 lira çenli ýetmegine garaşýarlar. Şeýle-de bolsa, olar bu golaýda walýuta kursunyň gözegçiliksiz ýa-da spekulýatiw üýtgemelerine garaşmaýarlar.

Türkiýede hümmetsizlenme oktýabr aýynda 29,77% bolup, üýtgewsiz diýen ýaly galdy. Harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary bir aýyň içinde — sentýabr aýynda 1,84% bolanlygyndan 2,58%-e çenli ýokarlandy. Ýylyň başyndan bäri bahalar 27,52% galdy we ýyllyk hasapda, soňky 12 aýyň ortaça görkezijisine esaslanylanda, ol 31,23% -e deň boldy.

22-nji oktýabrda Türkiýäniň Merkezi Banky esasy göterim derejesini 100 bazis nokadyna çenli peseldip, 36%-e ýetirdi. Bu 2026-njy ýylyň ýanwaryndan bäri ilkinji gezek göterim derejesiniň peseldilmegi boldy.