Belgiýanyň premýer-ministri wezipesinden çekilmek barada arza berdi

Şu gün, 19:39483

Belgiýanyň premýer-ministri Bart de Wewer dolandyryjy koalisiýa girýän bäş partiýanyň täze býujet boýunça ylalaşyga gelip bilmänligi sebäpli wezipesinden çekilmek barada arza berdi diýip, Boomberg agentligi habar berýär.

Patyşa Filipp premýer-ministriň arzasy boýunça dessine karar kabul etmedi. Ol bu meselä seretmegi wagtlaýyn yza süýşürip, partiýalary býujet gepleşiklerinde özara ylalaşyk tapmaga çagyrdy. 3-nji noýabrdan başlap, patyşa partiýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşar. 6-njy noýabrda bolsa ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin premýer-ministri gaýtadan kabul eder.

Syýasy çökgünlige býujet ýetmezçiligini azaltmak babatda görülmeli zerur çäreleriň ylalaşylmazlygy sebäp boldy. Hökümet 2029-njy ýyla çenli çykdajylary tygşytlamak ýa-da goşmaça girdeji çeşmelerini tapmak arkaly, takmynan, 10 mlrd ýewro (11,2 mlrd dollar) möçberinde serişde toplamagy maksat edinýärdi.

Emma koalisiýa agzalary maliýe ýüküni nähili paýlaşmalydygy barada ylalaşyk tapyp bilmedi. Partiýalaryň bir bölegi çykdajylary, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna bölünýän serişdeleri azaltmak arkaly döwlet çykdajylaryny kemeltmegi teklip etse, beýleki tarap ýokary girdejili raýatlar üçin salgytlary artdyrmagy talap etdi.

Geçen ýyl Belgiýanyň býujet ýetmezçiligi jemi içerki önümiň 5,2%-ine deň boldy.

Merkezi bankyň çaklamasyna görä, 2028-nji ýylda bu görkeziji 5,7%-e çenli ýokarlanar.