Oktýabr aýynda altynyň bahasy 6,87 göterim arzanlady. Bu 2008-nji ýylyň oktýabryndan bäri hasaba alnan iň pes aýlyk görkeziji boldy.
Şeýle-de bolsa, noýabr aýynyň ilkinji söwda gününde gymmat bahaly metal 1,1 göterim gymmatlap, bir troý unsiýasy üçin 3 915 dollara ýetdi. Şeýlelikde, ol soňky günlerde çeken ýitgileriniň belli bir böleginiň öwezini doldy.
Bloomberg neşiriniň habar bermegine görä, 30-njy oktýabrda altynyň bahasy birbada 3,7 göterim pese düşüp, bir unsiýa üçin 3 870 dollara çenli arzanlady. Bu soňky bir ýylyň dowamynda hasaba alnan iň pes dereje boldy. Indiki söwda gününde maýadarlar bahasy arzanlan altyny gaýtadan satyn alyp başladylar.
Global X ETFs kompaniýasynyň strategiýa boýunça hünärmeni Jastin Lin käbir uzak möhletleýin maýadarlaryň häzirki bahalary altyn satyn almak üçin amatly hasaplaýandygyny belledi. Onuň pikirine görä, wagtyň geçmegi bilen merkezi banklar hem şeýle maýadarlaryň hataryna goşulyp biler. Muňa garamazdan, bazardaky kesgitsizlik saklanyp galýar.
Altynyň bir unsiýasynyň bahasynyň 4 müň dollardan aşak düşmegi netijesinde, birža gaznalarynyň (ETF) iýul aýynyň ortalaryndan bäri toplan altyn ätiýaçlyklarynyň ep-esli bölegi zyýan çekýär. Gürrüň, takmynan, 150 tonna altyn barada barýar.
Saxo Bank-yň haryt bazary strategiýasy bölüminiň ýolbaşçysy Ole Hansen söwdanyň 3 886 dollarlyk tehniki derejeden aşakda tamamlanmagynyň bahalaryň mundan beýläk-de pese düşmegine getirip biljekdigini duýdurdy. Gysga möhletli çaklamanyň bitarap ýagdaýa geçmegi üçin altynyň bahasy bir unsiýa üçin 4 müň dollardan ýokary galmaly. Habaryň çap edilen pursadynda altynyň spot bahasy, takmynan, 3 949 dollara deňdi.
Noýabr aýynyň ilkinji söwda gününde kümşüň bahasy 1,8 göterim ýokarlanyp, bir unsiýa üçin 49,98 dollara ýetdi. Platina bilen palladiniň bahalary bolsa üýtgemedi diýen ýaly.