Dzýudo boýunça bäş gezek Olimpiýa çempiony we 12 gezek dünýä çempiony Teddi Riner 2027-nji ýylda Fransiýanyň Prezidenti wezipesine öz dalaşgärligini hödürlär. Bu barada 37 ýaşly Riner X sosial torunda habar berdi.
«Le Parisien» gazetine beren interwýusynda Riner özüniň «ne sagçy, ne-de çepçidigini» we «halky birleşdirjek prezident» bolmaga çalyşýandygyny aýtdy.
Riner häzirki döwlet baştutany Emmanuel Makronyň işine baha bermekden entek saklanýandygyny nygtady.
«Men günäkär gözlämok. Men bu ýerde çözgüt tapmak üçin» diýip, dzýudoçy belledi.
Rineriň aýtmagyna görä, ol deslapky saýlaw kampaniýasyny «öz jübüsinden» maliýeleşdirer we zerur bolan 500 goly toplajakdygyna ynanýar.
Riner 2012, 2016 we 2024-nji ýyllardaky Olimpiadalarda 100 kg-den gowrak agram derejesinde altyn medal gazandy, şeýle hem Tokio (2020) we Pariž (2024) Olimpiýa oýunlarynda toparlaýyn ýaryşlarda ýeňiji boldy.
Fransiýanyň Prezidentiniň saýlawlary indiki ýylyň 18-nji aprelde geçiriler.