Fransiýa Türkmenistandaky ilçi wezipesine Alýona Grany belledi

Şu gün, 14:381,804

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Daşary işler boýunça baş sekretar Alýona Grany bellemek baradaky Permana gol çekdi. Resminama ýurduň Hökümetiniň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda kabul edilen resminama Fransiýanyň premýer-ministri Sebastýen Lekornýu hem-de Ýewropa we daşary işler ministri Žan-Noel Barro hem gol çekdi.

Täze ilçi Alýona Granyň diplomatiýa ulgamynda 25 ýyldan gowrak iş tejribesi bar. Ol zähmet ýoluna 2001-nji ýylda Minskidäki ilçihanada metbugat attaşesi we terjimeçi hökmünde başlap, soňra Namibiýada, Rumyniýada hem-de Pariždäki ministrlikde dürli jogapkärli wezipelerde zähmet çekdi.

Ol 2017–2021-nji ýyllar aralygynda Fransiýanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň birinji geňeşçisi wezipesini ýerine ýetirdi. Soňky ýyllarda bolsa Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň işgärler gullugynda ýolbaşçy wezipelerde işledi.

Alýona Gran bu wezipede Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlan öňki ilçi Filipp Merleni çalşyrýar. Filipp Merlen özüniň hoşlaşyk ýüzlenmesinde türkmen tarapyna beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol Alýona Grana hem täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.