28-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Raşid Meredowyň ýurtda diplomatik wezipelerini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Beata Peksa we Fransiýa Respublikasynyň ilçisi Filipp Merlen bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.
ÝB-niň ilçisi bilen geçirilen duşuşykda syýasy, ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berildi. Kanunyň hökmürowanlygy, adam hukuklary, ekologiýa, sanlylaşdyrmak, ulag we hususy pudak ýaly ugurlar boýunça durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň netijeliligi aýratyn bellenildi.
Şeýle hem «ÝB – Merkezi Aziýa» formatyndaky özara gatnaşyklaryň ähmiýetine üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin ilçi Beata Peksa minnetdarlyk bildirildi.
Şol gün Raşid Meredow Fransiýanyň ilçisi bilen hem duşuşdy. Filipp Merlen türkmen tarapyna görkezilen mähirli myhmansöýerlik üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini tassyklady. Ýokary we iň ýokary derejeli duşuşyklaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, aýratyn-da, oba we suw hojalygy hem-de «ýaşyl» tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy. Şeýle hem köpýyllyk medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeliligi bellenildi.