Fransiýa Ýewropada «ultra-tiz moda» üçin salgyt girizen ilkinji ýurt boldy

Şu gün, 03:08715

Fransiýanyň Senaty «ultra-tiz moda» (Ultra-fast Fashion) pudagyny çäklendirmäge gönükdirilen kanuny tassyklady. Fransiýa Ýewropada şeýle ädimi äden ilkinji ýurt boldy.

Täze düzgünler, ilkinji nobatda, Shein, Temu we AliExpress ýaly Aziýanyň iri söwda platformalaryna degişli bolar.

«Ultra-tiz moda» diýlip, brendleriň meşhur markalary göçürýän, arzan çig mal ulanýan, kolleksiýalaryny yzygiderli çalşyp durýan we harytlary pes bahalardan satýan biznes modeline düşünilýär.

Kanun nähili çäklendirmeleri girizýär:

  • Şeýle önümleri satýanlaryň mahabatyna, şol sanda blogerleriň üsti bilen riteýlerleriň ilerledilmegine doly gadaganlyk.
  • Harytlar üçin goşmaça gümrük pajynyň girizilmegi. Onuň mukdary 2030-njy ýyla çenli önümiň her bir birligi üçin 20 ýewro ýetmeli (şol bir wagtda iň ýokary salgyt harydyň salgyt tölenmezden öňki bahasynyň 50%-inden geçmeli däl).
  • Kompaniýalaryň internet saýtlarynda zatlary «tygşytly ulanmaga, gaýtadan peýdalanmaga we abatlamaga» çagyrýan ýazgylaryň hökmany ýerleşdirilmegi.

Kanunyň kabul edilmeginiň resmi sebäbi hökmünde daşky gurşawy goramak görkezildi, çünki garderobyň ýygy-ýygydan çalşylmagy gaýtadan işlemek üçin kyn bolan galyndylaryň artmagyna getirýär. Ýygnanan salgytlaryň bir bölegi zibilleri ýygnamak we gaýtadan işlemek boýunça infrastrukturalary gowulandyrmaga gönükdiriler. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler ýerli bazary harytlaryň nusgalaryny göçürmekden we ýiti bäsdeşlikden goramak maksadyny hem göz öňünde tutdy.

Bellemeli ýeri, täze çäklendirmeler pudagyň Zara, H&M, Primark we Uniqlo ýaly ägirt uly ýewropa brendlerine täsir etmedi. Şol sebäpli Ýewrokomissiýa bu kanunyň Ýewropa Bileleşiginiň düzgünlerine laýyk gelýändigine şübhe bildirdi we barlag geçirmäge wada berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.