Fransiýada benziniň bahasy taryhy rekord derejä ýetdi

Düýn, 14:535,050

Fransiýada bir litr benziniň ortaça bahasy €2,11-e ýetdi. Bu, hökümet tarapyndan 1985-nji ýyldan bäri ýygnalan şeýle maglumatlaryň içinde iň ýokary görkezijidir diýip, Le Figaro neşiri habar berýär.

Düzüminde 10%-e çenli etanol bolan 95-E10 görnüşli benziniň bahasy geçen hepdede ýene-de 2,3 ýewrosent gymmatlady. Şeýlelikde, ýangyjyň bahasy eýýäm altynjy hepde yzly-yzyna ýokarlanýar.

Ýurtda iň köp ulanylýan awtoulag ýangyjy bolan dizeliň ortaça bahasy geçen hepdäniň ahyrynda bir litr üçin €2,29 töweregi boldy. Bu, öňki hepdä garanyňda, 3,4 ýewrosent ýokarydyr. Şeýlelikde, görkeziji geçen ýylyň aprel aýynda hasaba alnan (€2,31) taryhy rekord derejä ýakynlaşýar.

Bahalaryň ýokarlanmagy ýurtdaky iň iri bölekleýin ýangyç kompaniýasy bolan TotalEnergies-iň beketlerinde hereket edýän baha çägine garamazdan dowam edýär. Kompaniýa benziniň bir litriniň bahasyny €1,99, dizel ýangyjynyň bahasyny bolsa €2,25 bilen çäklendirýär.