ABŞ, Meksika we Boliwiýa gyzamygy ýok eden ýurtlar adyny ýitirdi

Şu gün, 16:501,204

ABŞ, Meksika we Boliwiýa gyzamygy ýok eden ýurtlar derejesini ýitirdi. Bu çözgüt gyzamygy, gyzyljany we dogabitdi gyzylja sindromyny ýok etmek boýunça gözegçilik we gaýtadan tassyklamak baradaky Sebitleýin toparyň mejlisinden soň kabul edildi.

Topar jemgyýetçilik saglygyny goraýyş ulgamyndaky garaşsyz halkara bilermenlerden ybarat.

Onuň kadalaryna laýyklykda, eger wirusyň şol bir genotipi we urugy ýurtda 12 aý we ondan hem köp wagtyň dowamynda üznüksiz aýlanmagyny dowam etdirse, gyzamygyň endemiki ýaýramagy gaýtadan dikeldilen hasaplanylýar.

Panamerikan saglygy goraýyş guramasy (PAHO) Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlaryny sanjym etmegi, epidemiologik gözegçiligi we keseliň ýaýramagyna garşy çäreleri güýçlendirmäge çagyrdy. Guramanyň maglumatyna görä, ýylyň başyndan bäri sebitde gyzamygyň tassyklanan 58 213 ýagdaýy we 82 ölüm hasaba alyndy. Deňeşdirip aýtsak, geçen ýylyň degişli döwründe 12 806 ýagdaý ýüze çykarylypdy.

«Gyzamygy ýok eden ýurt derejesini ýitirmek jemgyýetçilik saglygyny goraýşyň resmi görkezijisini ýitirmekden has köp zady aňladýar — diýip, PAHO-nyň direktory Žarbas Barboza belledi. — Bu maşgalalary we jemgyýetleri kesellemek, hassahana ýerleşmek we ölüm howpuna sezewar etmek bilen, wirusyň uzak wagtlap aýlanyşykda bolandygyny aňladýar».

Demirgazyk we Günorta Amerika dünýäde gyzamygy ýok eden ilkinji sebit bolupdy. Bu dereje 2024-nji ýylda Wenesuelada we Braziliýada wirusyň endemiki ýaýramagy bes edilenden soň tassyklanypdy.

2025-nji ýylyň noýabrynda Kanadada ýokanjyň durnukly ýaýramagy bilen, sebit bu derejesini ýitirdi. Onuň yzysüre Boliwiýa, Meksika we ABŞ tarapyndan hem bu derejäniň ýitirilmegi epidemiologik ýagdaýyň täzeden ýaramazlaşmagyna getirdi.

Gyzamyk iň ýokanç keselleriň hataryna girýär: kesellän bir adam wirusy başga 18 adama ýokuşdyryp bilýär. Kesel pnewmoniýa, ensefalit we körlük ýaly agyr gaýra üzülmelere getirip bilýär we käbir ýagdaýlarda ölüme sebäp bolýar.

«Bu biziň sebitimiz üçin çynlakaý duýduryş, ýöne yzyna gaýtaryp bolmajak ädim däl. Biz gyzamygyň öňüni nädip almalydygyny we onuň ýaýramagyny nädip duruzmalydygyny bilýäris. Öz wagtynda sanjym edilende, netijeli epidemiologik gözegçilik we gyssagly çäreler görlen ýagdaýynda Amerika ýurtlary gyzamygyň ýaýramagyny ýene-de ýok edip biler» diýip, Barboza nygtady.