BMG adaty önümlerdäki howply himiki maddalar barada duýduryş berdi

Şu gün, 09:501,422

Hatda gündelik ulanylýan adaty önümlerde duş gelýän himiki maddalar hem adamyň gormonal ulgamynyň işini bozup, saglyk üçin howp döredip biler. Bu maddalaryň käbiri eýýäm göwrelilik döwründen täsir edip başlaýar diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň täze hasabatyna aýdylýar.

Gürrüň, endokrin ulgamyna zeper ýetirijiler, ýagny ösüşi, kämilleşişi, madda alyş-çalşygyny we köpeliş funksiýalaryny düzgünleşdirýän gormonal ulgamyň işine päsgel beriji himiki birleşmeler barada barýar.

Bu maddalaryň käbiri ene süýdünde we göbek ganynda tapylýar. Alymlary, esasan hem, olaryň çaganyň beýnisiniň we nerw ulgamynyň ösüşine, köpeliş funksiýasynyň we içki organlarynyň işine täsir edip biljekdigi alada goýýar.

«Bu himiki maddalaryň aýratyn howply tarapy — olaryň adamlarda we janly-jandarlarda ösüşden we köpelişden başlap, maddalaryň alyş-çalşygyna hem-de özüni alyp barşyna çenli köp möhüm funksiýalary düzgünleşdirýän gormonlaryň işini bozup bilýänliginden ybaratdyr. Olaryň netijeleri uzak möhletli we käbir ýagdaýlarda bolsa, düzedip bolmajak derejä getirip biler» diýip, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň wekili Şila Aggarwal-Han aýtdy.

Endokrin ulgamyna zeper ýetirijiler plastiki, kosmetika we şahsy ideg önümlerinde, oýunjaklarda, elektronikada, derman serişdelerinde hem-de pestisidlerde ýüze çykarylýar. Barlaglar bu topardaky käbir maddalary reproduktiw ösüşiň bozulmalary we peselmegi, galkan şekilli mäziň, immun ulgamynyň we ýürek-damar ulgamynyň işiniň üýtgemeleri bilen baglanyşdyrýar.

Şeýle-de bolsa, düzüminde howply maddany saklaýan önümiň ulanylmagy, hökmany ýagdaýda keseliň döremegine getirjekdigini aňlatmaýar. Howp anyk birleşmä, onuň konsentrasiýasyna, täsir ediş dowamlylygyna we bedeniň şahsy aýratynlyklaryna baglydyr.

BMG-niň maglumatlaryna görä, dünýäde 350 müňden gowrak himiki madda we birleşme hasaba alnan, ýöne olaryň köpüsiniň endokrin ulgamyna täsiri seljerilmedik. ÝB-de eýýäm 231 madda endokrin ulgamyna zeper ýetiriji hökmünde ykrar edildi we ýene 121 madda barlagdan geçirilýär.

Bilermenler gadagan edilen maddalaryň howpsuzlygy ýeterlik derejede öwrenilmedik himiki taýdan meňzeş birleşmeler bilen çalşyrylmagyny aýratyn mesele hökmünde görkezýärler. Muňa mysal edip, zyýany barada geçirilen barlaglardan soň, ýerine meňzeş häsiýetleri bolan beýleki maddalar bilen çalşyrylan A bisfenolyny görkezmek bolar.

Ýene bir mesele, ol hem gözegçilik edaralarynyň, köplenç, himiki maddalara aýratynlykda baha bermegi, adamlaryň bolsa bir wagtyň özünde birnäçe birleşmäni bilelikde ulanmagydyr. Hasabatyň awtorlarynyň pikiriçe, olaryň bilelikdäki täsirlerini hem göz öňünde tutmaly.

BMG ýurtlary göwreli aýallaryň, bäbekleriň we çagalaryň goragyny güýçlendirmäge, himiki maddalaryň synagyny we olaryň täsirine gözegçiligi berkitmäge, şeýle hem tizden-tiz has howpsuz görnüşlerini ornaşdyrmaga çagyrýar.