Adama oturdyp bolýan janly emeli deri döredildi

Şu gün, 19:29772

Fransiýanyň URGO kompaniýasy näsaglara göçürip oturtmak üçin niýetlenen janly emeli derini döretmegi başarandygyny habar berdi.

Täze tehnologiýa ýörite öýjük bankynda saklanýan janly, dürli adamlara laýyk gelýän «uniwersal öýjükleriň» esasynda döredilýär. Bu öýjüklerden barlaghana şertlerinde deri ösdürilip ýetişdirilýär. Taýýar bolan emeli derini doňduryp, uzak wagtlap saklamak we zerur ýere daşamak mümkinçiligi bar.

Alymlaryň esasy maksady geljekde häzirki ulanylýan autotransplantasiýa usulynyň, ýagny näsagyň öz bedeninden sagdyn deri bölegini alyp, zeper ýeten ýere göçürip oturtmak zerurlygynyň aradan aýrylmagyny gazanmakdyr. Sebäbi bu usul, köplenç, birnäçe hirurgik operasiýany geçirmegi talap edýär.

Bu ylmy açyş «Genesis» taslamasynyň çäginde geçirilen bäş ýyllyk barlaglaryň netijesinde gazanyldy. Taslama Fransiýanyň Milli ylmy barlaglar merkezi (CNRS), Lion-1 uniwersiteti, CECS/I-Stem ylmy-barlag merkezi, Fransiýanyň Milli gan gullugy hem-de Dassault Systèmes kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyryldy.

URGO kompaniýasynyň wekilleriniň bellemegine görä, bu tehnologiýa agyr ýanyk şikeslerini we uzak wagtlap bitmeýän ýaralary bejermekde uly öwrülişik döredip biler.

Kompaniýa täze emeli derini ilkinji näsaglara göçürip oturtmak işlerine 2040-njy ýyla çenli başlamagy meýilleşdirýär.