Angliýada doberman iti bäbekde ýürek keselini ýüze çykarmaga kömek etdi

Şu gün, 10:421,752
1 / 2

Angliýada Saraýýa atly doberman tohumly it bäş aýlyk Aleksandryň seýrek duş gelýän dogabitdi ýürek keseliniň ýüze çykarylmagyna sebäp boldy. It birden üýrüp, uwlap başlapdyr we çaganyň ýanyndan aýrylmakdan ýüz öwrüpdir. Bu barada People neşiri habar berýär.

Dober­manyň eýesi Kim Reýnolds itiniň hemişe diýen ýaly oglunyň töwereginde bolmagy gowy görýändigini gürrüň berdi. Ýöne bir gün onuň özüni alyp barşy üýtgäpdir. Saraýýa adatdan daşary ynjalyksyzlanyp, ony bäbegiň ýanyndan aýryp bolmandyr.

«Onuň asylam ýapyşyp-ýarmaşma häsiýeti bardy, ýöne şol günki ýaly özüni alyp barşyny öň hiç haçan görmändim. Ol çagada nähilidir bir bolmasyz ýagdaýyň bardygyny mendenem öň anyk duýmagy başardy» diýip, Reynolds gürrüň berdi.

Az salymdan Aleksandr gündizki ukusyndan oýanyp, el-aýakda saklatman aglap başlapdyr. Aljyarňňylyga düşen ejesi ony hassahana äkidipdir. Lukmanlar barlag geçirenden soň, çaganyň ýürek urgusynyň minutda 280 gezege ýetendigini anyklapdyrlar. Bu bolsa onuň ýaşyndaky çagada bolmalysyndan tas iki esse ýokarydyr.

Ýürek urgusynyň ýygylygyny kadalaşdyrmak üçin lukmanlar ilki çaganyň ýüzüni buzly suw bilen sowatmak usulyny ulanypdyrlar, soňra bolsa oňa damardan üç gezek sanjym edipdirler.

Barlaglaryň netijesinde Aleksandrda Wolf—Parkinson—Waýt (WPW) sindromynyň, ýagny seýrek dogabitdi ýürek keseliniň bardygy anyklanypdyr. Bu kesel ýüregiň elektrik impulslaryny geçirýän ulgamynyň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýär. Kesel ýürek gulajyklary bilen garynjyklarynyň arasynda elektrik impulslarynyň geçmegi üçin goşmaça ýoluň döremegi zerarly ýüze çykýar. Şeýle ýagdaý ýürek urgusynyň birden çaltlaşmagyna, dem alşyň kynlaşmagyna we başaýlanma sebäp bolup bilýär.

«Eger-de men bu ýagdaýa «Aý, bäbejikdir-dä. Kesmän aglap, kejirlik bilen ýol aljak bolýandyr» diýip, çagany sallançaga salyp, öz işime gümra bolan bolsam, oňa nämeler bolup biljekdigini göz öňüme getirmäge-de gorkýan» diýip, çaganyň ejesi boýun aldy.

Häzirki wagtda Aleksandr ýedi aýlyk. Onuň saglyk ýagdaýy ep-esli gowulaşdy we ol eýýäm emedeklemäge başlady. Saraýýa bolsa henizem çaganyň ýagdaýyna ünsli gözegçilik edýär.

Ýakynda it ýene-de bäbegiň ýanyndan aýrylmakdan ýüz öwrüpdir. Muny gören Reýnolds dessine lukmana ýüz tutupdyr. Bu gezek lukmanlar çagada tonzillitiň, ýagny kentlewükdäki badam şekilli mäzlerinde sowuklamanyň bardygyny anyklapdyrlar.