Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Düýn, 19:003,602
1 / 2

19-njy oktýabrda Samarkant şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy goňşy ýurda «C5+1» formatyndaky daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin bardy.

Söhbetdeşligiň başynda Raşid Meredow Özbegistanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan özbek-türkmen gatnaşyklaryny we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine seredildi. Ähli derejelerdäki duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň ýokary ösüş depgini kanagatlanma bilen bellenildi.

Ýakynda iki ýurduň arasynda özboluşly täze mehanizm — Strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary geňeşiň döredilendigi, haryt dolanyşygynyň we ýük gatnawlarynyň möçberiniň durnukly ösýändigi hem-de «Şawat — Daşoguz» serhetýaka söwda zolagynyň netijeli işleýändigi nygtaldy.

Söhbetdeşler ýokary derejedäki ylalaşyklary öz wagtynda amala aşyrmagyň, şeýle hem öňde duran üçünji Sebitara forumyna we Türkmenistanyň şäherlerinde geçiriljek Özbegistanyň Medeniýet we kino günlerine düýpli taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.

Mundan başga-da, taraplar sebitara hyzmatdaşlygyň durnuklylygy we howpsuzlygy baradaky möhüm meseleler boýunça özara pikir alyşdy.