Tramp saýlawlardaky galplyklar barada maglumat üçin $1 million wada berdi

Şu gün, 17:301,547

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp öňki saýlawlarda ýa-da 2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda geçiriljek Kongrese aralyk saýlawlarda galp hereketleriň goýberilendigi barada maglumat berenlere 1 million dollar möçberinde sylag wada berdi.

Ak Tamyň ýolbaşçysy bu başlangyç barada özüniň Truth Social sosial torundaky sahypasynda ýazdy.

«2026-njy ýylda geçirilen öňki saýlawlarda ýa-da öňümizdäki aralyk saýlawlarda (ABŞ-nyň Kongresine geçiriljek saýlawlarda) galplygyň ýol alandygy hakynda maglumat beren islendik adama, bu hereketi amala aşyranlar tussag edilip, olara höküm çykarylandan soň, 1 million dollar tölener» diýlip, habarda aýdylýar.

Tramp maglumatlary haýsy ýere ibermelidigini we olary kimiň barlajakdygyny, şeýle-de sylag pullarynyň haýsy çeşmeden tölenjekdigini anyklaşdyrmady. Ak Tam hem bu barada goşmaça düşündiriş bermedi.

Bu beýanat aralyk saýlawlara sekiz gün galanda edildi. Şol saýlawlarda amerikalylar Wekiller palatasynyň ähli agzalaryny we Senatyň, takmynan, üçden bir bölegini saýlarlar. Saýlawlaryň netijesi Kongresiň iki palatasynda-da syýasy güýçleriň gatnaşygyna täsir eder.

Tramp öňki saýlawlarda galplyklaryň bolandygyny ençeme gezek öňe sürüpdi. Emma onuň 2020-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlarynda giň gerimli düzgün bozulmalaryň bolandygy baradaky aýdanlary kazyýet tarapyndan tassyklanmady.