Luis Inasiu Lula da Silwa Braziliýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda sesleriň 51,79 göterimini alyp, ýeňiş gazandy. Onuň bäsdeşi, senator Flawiu Bolsonaro sesleriň 48,21 göterimini toplady. Ýöne ol saýlawlaryň netijelerini ýatyrmak üçin degişli çäreleri görjekdigini mälim etdi.
Saýlawlar 25-nji oktýabr, ýekşenbe güni geçirildi. Ýeňiş gazanan 80 ýaşly Lula da Silwa häzirki zaman Braziliýasynyň taryhynda dört möhlete prezidentlige saýlanan ilkinji döwlet baştutany bolar. Syýasatçy mundan öň 2003–2010-njy ýyllarda ýurdy dolandyrypdy, 2023-nji ýylda bolsa ýene-de prezident wezipesine gaýdyp gelipdi.
Saýlawlaryň netijeleri yglan edilenden soň, Lulanyň tarapdarlary prezidentiň wekilçilik edýän Işçiler partiýasynyň nyşany bolan gyzyl reňkli eşikleri geýip, Rio-de-Žaneýronyň we San-Paulu şäherleriniň köçelerine çykdylar.
Braziliýanyň ozalky Prezidenti Žair Bolsonaronyň ogly Flawiu Bolsonaro saýlawlaryň netijelerini ykrar etmekden ýüz öwrüp, ses bermegiň netijelerini ýatyrmak üçin göreşjekdigini aýtdy. Ol munuň sebäbi hökmünde saýlaw uçastoklarynyň iş wagtynyň uzaldylmagyny görkezdi.
Aslynda, saýlawlardan öň iki dalaşgär hem jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketindäki bökdençlikler we ýurduň käbir sebitlerinde amatsyz howa şertleri sebäpli, saýlaw uçastoklarynyň iş wagtyny uzaltmagy haýyş edipdi. Netijede, Ýokary kazyýetiň kazysy Kriştianu Zanin saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagyna bary-ýogy üç minut galanda ses berişligi ýene iki sagat uzaltmak barada karar çykardy.
Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky kampaniýa Braziliýanyň ilatynyň ýaşaýyş çykdajylarynyň ýokarlanmagy we jenaýatçylygyň artmagy bilen bagly aladalarynyň güýçlenen döwrüne gabat geldi. Ilkinji tapgyrda bäsdeşinden yza galan Lula soňky tapgyrda bu tapawudy aradan aýryp, ýeňiş gazanmagy başardy.
Şeýlelikde, Braziliýanyň häzirki zaman taryhynda ilkinji gezek prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda ikinji orny eýelän dalaşgär ikinji tapgyrda ýeňiş gazandy.