Marokkoda aýal maşgala ilkinji gezek hökümet baştutany bellendi

Şu gün, 09:103,609
1 / 2

Marokkonyň patyşasy Muhammed VI Fatima Zahra Mansurini hökümet başlygy wezipesine belledi. Bu karar parlament saýlawlaryndan bir hepde soň kabul edildi. Saýlawlarda onuň ýolbaşçylyk edýän «Hakykylyk we döwrebaplyk» partiýasy birinji orny eýeledi. Mansuri ýurduň taryhynda hökümete ýolbaşçylyk etmek tabşyrylan ilkinji zenan boldy diýip, Euronews habar berýär.

Patyşa köşgüniň habar berşi ýaly, Mansura Konstitusiýa laýyklykda täze ministrler kabinetini döretmek tabşyryldy.

23-nji sentýabrda geçirilen saýlawlarda «Hakykylyk we döwrebaplyk» partiýasy 395 orunlyk Deputatlar palatasynda 97 orun aldy. Ikinji orny 66 mandat bilen «Garaşsyzlaryň milli birleşigi» eýeledi. Ondan soň «Istiklal» — 65, «Adalat we ösüş partiýasy» — 54 we «Halk hereketi» — 29 mandat aldy. Hökümet döretmek üçin Mansuri beýleki syýasy güýçler bilen gepleşik geçirip, koalisiýa döretmeli bolar.

Fatima Zahra Mansuri 1976-njy ýylda Marrakeşde dünýä indi. Hünäri boýunça hukukçy. Ol syýasata «Hakykylyk we döwrebaplyk» partiýasynyň 2008-nji ýylda döredilmeginden soň geldi. 2009-njy ýylda Marrakeş şäheriniň şäher geňeşiniň başlygy wezipesine saýlanan ilkinji zenan boldy. 2021-nji ýyldaky saýlawlardan soň bu wezipesine gaýtadan saýlandy we şol bir wagtyň özünde Deputatlar palatasynyň deputaty boldy.

2021-nji ýylyň oktýabrynda Mansuri Aziz Ahanuşyň hökümetine sebit meýilleşdirişi, şäher gurluşygy we ýaşaýyş jaý syýasaty ministri hökmünde girdi. 2024-nji ýylyň fewralynda bolsa öz partiýasynyň köpçülikleýin ýolbaşçylyk ulgamynyň koordinatory boldy.

Mansuriniň öňünde möhüm işler dur. Oňa ýaşlaryň arasyndaky işsizlik, durmuş deňsizligi we syýasy institutlara bolan ynamyň peselmegi ýaly meseleleri çözmek gerek bolar. Geçirilen saýlawlarda saýlawçylaryň gatnaşmak derejesi 38 göterime deň boldy. Bu soňky ýigrimi ýyla golaý döwürdäki iň pes görkezijidir.