Bolgariýanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Iliýana Ýotowa prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda sesleriň 57,57 göterimini alyp, ýeňiş gazandy. Saýlaw uçastoklarynyň protokollarynyň hemmesi işlenenden soň, onuň ýeňiş gazanandygy belli boldy diýip, BNT habar berýär.
Iliýana Ýotowa wise-prezidentlige dalaşgär Kiril Wylçew bilen bilelikde saýlawçylaryň aglaba böleginiň goldawyna eýe boldy. Olaryň bäsdeşleri, ýurduň ozalky premýer-ministri Andreý Gýurow bilen Georgi Kandew bolsa sesleriň 39,48 göterimini aldy.
Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlarda ses beren saýlawçylaryň arasynda Gýurow bilen Kandew öňe saýlandy. Teswirnamalaryň 99,02 göterimi işlenenden soň, olar sesleriň 56,23 göterimini, Ýotowa bilen Wylçew bolsa 41,56 göterimini gazandy.
25-nji oktýabrda geçirilen saýlawyň birinji tapgyrynda Ýotowa 34,76 göterim, Gýurow bolsa 31,95 göterim ses alypdy. Dalaşgärleriň hiç biri sesleriň ýarysyndan gowragyny gazanyp bilmändigi sebäpli, saýlawlaryň ikinji tapgyry geçirildi.
Saýlawlaryň netijeleri yglan edilenden soň, Ýotowa ses bermäge gatnaşan ähli bolgariýalylara minnetdarlyk bildirdi.
«Men ynamyňyza mynasyp prezident bolaryn» diýip, ol söz berdi.