Şweýsariýada geçirilen referendumda raýatlaryň 70,15 göterimi ýurduň bitaraplyk syýasatyny berkitmäge garşy ses berdi. Referendum 27-nji sentýabrda geçirildi. Teklibi ses berenleriň 29,85 göterimi goldady, saýlawçylaryň gatnaşyk derejesi bolsa 47,06 göterim boldy.
Teklip ýurduň Konstitusiýasynda hemişelik bitaraplyk ýörelgesini berkitmegi, şeýle hem onuň ulanylyşyna has berk düzgünleri girizmegi göz öňünde tutýardy. Başlangyja görä, Şweýsariýa harby ýa-da goranyş bileleşiklerine goşulmaly we olar bilen hyzmatdaşlyk etmeli däldi. Kadadan çykma hökmünde bolsa diňe ýurda hüjüm edilen ýa-da hüjüme taýýarlyk görülýän ýagdaýlar göz öňünde tutulýardy.
Resminamada Şweýsariýanyň häkimiýetlerine uruşýan döwletlere garşy gadaganlyk girizmek hem ret edilýärdi. BMG tarapyndan kabul edilen çäreler we gadaganlyklardan sowlup geçmegiň öňüni almaga gönükdirilen çäreler muňa degişli däldi.
Şweýsariýanyň bitaraplyk ýörelgesi ýurduň Konstitusiýasynda 1848-nji ýyldan bäri berkidilendir. Häzirki düzgünler ýurda howpsuzlyk babatda beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmäge we sanksiýalara goşulmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle-de bolsa Şweýsariýanyň daşary işler ministri Inýasio Kassis referendumyň netijeleriniň ýurduň bitaraplyk ýörelgesinden ýüz öwürýändigini aňlatmaýandygyny mälim etdi.
«Bu netije bitaraplyga garşy berlen ses däldir. Şweýsariýa düýn hem bitarapdy, şu gün hem bitarap, geljekde-de bitarap bolmagynda galar» diýip, ol metbugat maslahatynda aýtdy.
Bu başlangyç sagçy Şweýsariýanyň Halk partiýasy tarapyndan öňe sürüldi.