Dünýäde ilkinji gezek Şweýsariýada demir ýollara Gün panelleri oturdyldy
Dünýäde ilkinji gezek Şweýsariýada sökülip-oturdylýan Gün panelleri hereket edýän demir ýol ugruna ornaşdyrylyp, işe girizildi. Bu ulgam jemi 48 sany, hersi 385 wattlyk kuwwaty bolan fotoelektrik modulyndan ybarat bolup, ýylyň dowamynda, takmynan, 16 megawatt-sagat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply diýip, «Sustainability Times» habar berýär