«Numbeo» onlaýn hyzmaty dünýäniň iň gymmat şäherleriniň reýtingini täzeledi.
Dünýä boýunça jemi 547 sany ilatly nokady öz içine alýan bu halkara baza azyk önümleriniň, kafe-restoranlaryň, ulag hyzmatlarynyň bahalarynyň we kommunal tölegleriň esasynda ýaşaýyş üçin zerur bolan çykdajylaryň indeksini kesgitledi. Şunda ýaşaýyş jaýlarynyň kärende we satyn alyş tölegleri hasaba alynmady.
2026-njy ýylyň ortalaryna çenli bolan görkezijilere görä, reýtingde 123,1 indeksi bilen Şweýsariýanyň Sýurih şäheri birinji orny eýeledi. Aslynda, ilkinji onlugy tutuş Şweýsariýanyň şäherleri düzdi diýseň hem bolýar. Bu ýerde diňe ikinji we onunjy orunlary, degişlilikde, Jorjtaun (Kaýman adalary) we Gonolulu (ABŞ) eýeledi.
Sanawda dünýäniň beýleki iri şäherlerinden Tel-Awiw 11-nji, Waşington 15-nji, London 24-nji, Pariž 49-njy we Berlin 101-nji ýerde ýerleşdi.
Ýaşamak üçin dünýäniň iň arzan ýerleri Hindistanyň şäherleri boldy. Olar reýtingiň soňunda ýerleşdi, 19 sanysy bolsa iň yzky orunlary eýeledi.