Hytaýda syýahatçylara puluna emeli taýfuny we suw joşgunyny başdan geçirmek teklip edilýär

Şu gün, 08:053,390
1 / 3

Hytaýda «gara syýahatçylygyň» adaty bolmadyk görnüşi barha ýoň bolýar: syýahatçylar puluna emeli usulda döredilen tebigy betbagtçylygy başdan geçirip bilýär.

«The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, ýörite toplumda taýfunlar we süýşgünler modelirlenýär, bu bolsa gatnaşyjylara gorkyny başdan geçirmäge we howp astyndaky ýagdaýda dogry hereket etmegi öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Taslamany adatdan daşary şertlerde dokumental filmleri düşürmek bilen on ýyldan gowrak wagt bäri meşgullanyp gelýän Lvxing Base kompaniýasy işläp taýýarlady. Simulýator Hançžou şäherinde 200 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýär. Toplum 2024-nji ýylda açyldy we adamlaryň tebigy betbagtçylyklar wagtynda ýüzbe-ýüz bolup biljek şertlerini emeli ýagdaýda döredýär.

Kompaniýanyň baş direktory Wan Kuanhanyň aýtmagyna görä, gelýänleriň köpüsi 20 we 30 ýaş aralygyndaky adamlar. Käbirleri güýçli duýgular üçin gelse, beýlekiler betbagtçylyk wagtynda özüňi nähili alyp barmalydygyna düşünmek işleýär. Syýahatçylyk pudagynyň hünärmenleri ýaş syýahatçylara üýtgeşik ýerleri diňe bir synlamagyň azlyk edýändigini, olaryň şol hadysalaryň içinde bolup, şahsy tejribe almak isleýändiklerini belledi.

«Men hiç wagt taýfuna düşüp görmändim. Munuň nähilidigini we nämeleriň bolup biljekdigini bilemok. Men muny diňe habarlarda görüpdim. Şol sebäpli men howpsuz ýerde muny öz başymdan geçirmek we bir zatlar öwrenmek üçin şol ýere gitmek işleýärin» diýip, Çunsin şäherinden bolan 28 ýaşly syýahatçy aýdýar.

Guramaçylaryň bellemegine görä, iň dartgynly pursatlarda gatnaşyjylar käwagt bolup geçýän zatlaryň ýönekeý bir ýasamadygyny hem ýatdan çykarýar. Köpler ilkibaşda aljyraňňylyga düşýär, ýöne kem-kemden ýagdaýa öwrenişip, gorkyny dolandyrmagy we şikeslerden gaça durmaga kömek edýän hereketleri saýlamagy öwrenýär.

Kompaniýa Hytaýyň dürli ýerlerinde ýene bäş sany şeýle zolagy taýýarlaýar. Geljekde müşderilere ýasama ýertitremeleri we ýangynlary hödürlemek meýilleşdirilýär.