Gyrgyzystanyň parlamentiniň binasy daşary ýurtly syýahatçylar üçin hem açyk bolar

Düýn, 17:492,025

Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşiniň başlygy Marlen Mamataliýew parlamentiň binasynda daşary ýurtly syýahatçylar üçin yzygiderli gezelençleri guramak meselesini öwrenmegi tabşyrdy.

Kanun çykaryjy edaranyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, soňky ýyllarda daşary ýurtlularyň Gyrgyzystanyň parlamentiniň işine bolan gyzyklanmasy artýar. Şeýle hem parlamentiň işi bilen tanyşmak isleýän daşary ýurtlulardan ýüz tutmalar köpeldi.

Gezelençleriň çäginde syýahatçylara parlamentiň muzeýine we mejlisler zalyna baryp görmek mümkinçiligi berler. Şeýle gezelençleriň bellenen tertip boýunça hepdede bir gezek geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Metbugat gullugynyň maglumatynda aýdylyşy ýaly, gezelençleriň guralmagy Žogorku Keneşiň işiniň has açyk bolmagyna we daşary ýurtly myhmanlaryň parlamentiň Gyrgyzystanyň esasy döwlet edaralarynyň biri hökmünde alyp barýan işi barada has giňişleýin düşünje almagyna mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, parlamentiň binasynda ýörite bölüm döredilip, ol ýerde myhmanlar parlamentiň nyşanlary bolan sowgatlyk önümlerini satyn alyp biler.

Mamataliýew parlament binasynyň aýratyn derejä we strategik ähmiýete eýdigini belledi. Şoňa görä-de, gezelençler guralanda Žogorku Keneşiň çäginde hereket edýän howpsuzlyk düzgünleri we bellenen tertip berk berjaý edilmelidir.

Metbugat gullugy Gyrgyzystanyň raýatlary üçin hem degişli talaplar we gezelenç etmegiň tertibi ýerine ýetirilen ýagdaýynda parlamentiň bäş iş gününiň ählisinde hem açykdygyny ýatlatdy.