Dünýä boýunça üznüksiz syýahata çykan, emma ýoluny tamamlaman, Kambojanyň kenarynda 200-e golaý ýolagçysyny düşüren «Odyssey» kruiz gämisi Singapurda kazyýetiň karary bilen tussag edildi. Bu barada kazyýet resminamalaryna salgylanýan CBS News habar berýär.
Gäminiň tussag edilendigini Singapuryň Deňiz we port administrasiýasy-da tassyklady. Edaranyň maglumatyna görä, gäminiň ekipažynyň ýagdaýy kanagatlanarly, olaryň zerur harajatlaryny bolsa bergidarlar öz üstüne aldy. Häzirki wagtda Singapuryň port suwlarynda labyr taşlan gäminiň üstünde ýolagçy ýok.
Gäminiň dolandyrylyşy häzirlikçe algydaryň elinde. Gäminiň eýesi bolan Villa Vie Residences kompaniýasy maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirip bilmändir. Gämini tussag etmek işini Helmsman LLC hukuk firmasy alyp barýar. Ýöne bu firmanyň kimiň bähbidini goraýandygy näbelli.
CBS News neşiriniň maglumatlaryndan çen tutsaň, Villa Vie kompaniýasynyň sebitdäki üpjün edijileriň birine, takmynan, 500 müň dollar bergisi bar. Ýöne bu berginiň gäminiň tussag edilmegine dahylynyň bardygy hakda anyk bir zat aýdyp bolanok.
Aslynda, kompaniýanyň maliýe kynçylyklary ýolagçylara kruiz syýahaty togtadylmazyndan has öň täsir edip başlapdyr. Gäminiň nahar üpjünçiligi ýaramazlaşyp, gezelençleriň sany azaldylypdyr. Syýahatçylar bolsa ýüzüşi dowam etdirmek üçin öz aralarynda pul ýygnamaga mejbur bolupdyrlar. Awgust aýynda «Odyssey» Singapurda saklanan wagty, ýolagçylara kompaniýanyň maliýe serişdeleriniň ýetmezçilik edýändigi habar berlipdir. Şonda olaryň käbiri gäminiň ýoluny dowam etdirmegi üçin öz hasabyna pul hem goşupdyr.
27-nji oktýabrda kompaniýa kruiz syýahatynyň Kambojanyň Sianukwil portunda wagtlaýyn togtadylýandygyny yglan etdi. Gäminiň üstünde iki ýyldan gowrak wagt ýaşan käbir ýolagçylary hem goşmak bilen, 200-e golaý adam şol günüň özünde ony terk etmäge mejbur boldular.
Villa Vie Residences syýahatyň saklanmagyny ýangyjyň bahasynyň birden ýokarlanmagy bilen düşündirdi. Maglumatda aýdylyşy ýaly, Aziýanyň käbir sebitlerinde bir kaýuta düşýän aýlyk çykdajy 1,8 müň dollardan 6–8 müň dollara çenli artypdyr. Netijede, kompaniýa goşmaça çykdajylary ýolagçylaryň töleglerine goşup bilmeýändigini mälim edipdir.