Müsürde dynç alyş üçin täze şäher gurulýar: uly taslamadan suratlar

Şu gün, 10:47147
1 / 5

SOM halkara binagärlik býurosy Müsüriň Ortaýer deňziniň kenarynda gurulmagy meýilleşdirilýän Alam Al Roum atly täze şäheriň taslamasyny tanyşdyrdy. Şäher Marsa-Matruh şäheriniň golaýynda ýerleşip, deňziň kenary bilen 7,2 kilometre uzalyp gider. Taslamanyň umumy meýdany 20,6 inedördül kilometre deň diýip, Dezeen neşiri habar berýär.

Taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri deňiz bilen birleşdirilen, umumy uzynlygy 22 kilometre ýetýän lagunalar we suw howdanlarynyň ulgamy bolar. Olar ýaşaýyş jaýlarynyň we jemgyýetçilik desgalarynyň arasynda ýerleşer. Şeýle hem bu suw howdanlary ýagyş suwlaryny ýygnamak we sowmak üçin ulanylar.

Baş meýilnama laýyklykda, şäherde ýaşaýyş toplumlary, myhmanhanalar, dynç alyş merkezleri, işewürlik we bilim merkezleri, golf meýdançalary hem-de zerur şäher infrastrukturalary gurlar. Jemgyýetçilik desgalarynyň hatarynda medeni gämi duralgasy, maýak, amfiteatr, ýaht-klub, metjit we bazarlar bolar. Esasy şaýol halkara deňiz duralgasyny şäheriň içindäki ulag merkezine birikdirer.

Şeýle-de binagärler kenarýaka şertleriniň üýtgemeginden goranmak üçin hem birnäçe çäreleri göz öňünde tutupdyrlar. Olaryň hatarynda tebigy ekoulgamlary dikeltmek, çäge depelerini berkitmek, batgalyk ýerleri döretmek we kenarýaka ösümlik zolaklaryny gorag zolagy hökmünde peýdalanmak bar. Taslama taýýarlanylanda ýerli howa şertleri, şol sanda deňizden öwüsýän şemallar we tebigy ýagtylyk hem göz öňünde tutulypdyr.

Taslama Qatari Diar gurluşyk kompaniýasynyň buýrugy boýunça taýýarlanypdyr. Gurluşygyň ilkinji tapgyryna 2030-njy ýylda başlamak meýilleşdirilýär. Ol 4 inedördül kilometre golaý meýdany öz içine alyp, kenarýaka dynç alyş ýerlerini, lagunalary we deňiz duralgasyny özünde jemlär.

Taslamany işläp düzüjiler Alam Al Roum şäheriniň ýylyň ähli paslynda syýahatçylyk we medeni merkeze öwrüljekdigine ynam bildirýärler.