«Üznüksiz» dünýä syýahaty kesildi: kruiz gämisi ýarpy ýolda durmaly boldy

Şu gün, 13:291,678
1 / 4

ABŞ-nyň Villa Vie Residences kompaniýasy Villa Vie Odyssey kruiz gämisiniň dünýä syýahatyny wagtlaýyn togtatdy. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, gäminiň ýolagçylary Kambojanyň Sianukwil port şäherinde düşürildi.

Kompaniýa bu kararyň ýangyjyň bahasynyň birden ýokarlanmagy we çykdajylary mundan beýläk öz hasabyna ýapyp bilmeýänligi bilen baglydygyny mälim etdi.

27-nji oktýabrda kompaniýa işini täzeden guramak maksady bilen syýahaty wagtlaýyn togtadýandygyny yglan etdi. Ýolagçylar üçin bolsa kenarda wagtlaýyn ýaşaýyş şertleri döredilip başlandy.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň fewralyndan bäri Aziýanyň käbir sebitlerinde bir kaýuta düşýän ýangyç çykdajylary aýda 1 800 dollardan 8 000 dollara çenli ýokarlandy. Kompaniýa gäminiň tizligini peseltmek we portlarda durýan wagtyny uzaltmak arkaly ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga synanyşdy. Emma bu çäreler netije bermedi.

«Ýangyjyň gymmatlamagy bilen bagly ähli çykdajylary ýolagçylaryň üstüne ýüklemek mümkin däl» diýip, kompaniýanyň wekilleri bellediler.

Villa Vie Odyssey gämisi 2024-nji ýylyň oktýabrynda Belfast şäherinden ugrady. Syýahatyň dowamynda dünýäniň 150-ä golaý ýurduna baryp görmek we takmynan, üç ýarym ýylyň içinde dünýäni aýlanyp çykmak meýilleşdirilipdi. Syýahat togtadylanda bolsa gämi eýýäm ýolda 750 gününi geçiripdi.

Gämi 650 ýolagça niýetlenendir. Kambojanyň häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, gämi Sianukwil şäherine gelende, onuň bortunda 203 ýolagçy we 156 ekipaž agzasy bar eken. Ýolagçylaryň bir bölegi ýurdy eýýäm terk edipdir, beýlekileri bolsa ýagdaýyň üýtgemegine garaşýar.

Kompaniýa 60 günüň dowamynda işini täzeden guramagy we goşmaça maýa çekmegi meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, bu çäreleriň üstünlikli boljakdygyna kepil geçip bilmeýändigini boýun alýar.