Özbegistan speleo syýahatçylygyny ösdürmek üçin meýilleşdirilen on tebigy obýekti kesgitledi. Ýurduň dört sebitinde ýerasty syýahatçylyk ugurlary, zerur infrastruktura we myhmanlar üçin howpsuzlyk ulgamy dörediler diýip, Uznews habar berýär.
Sanaw Respublikanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen tassyklanyldy. Oňa Jizak, Samarkant, Surhanderýa we Kaşkaderýa sebitlerinde ýerleşen dokuz gowak we bir sany duz käni girdi:
Peşagor;
Ýahdon;
Omonkuton;
Kiýew;
Hazrati Dowud;
Korongi ýulduz;
Boýbulok;
Teşiktoş;
Amir Temur;
Hojaikon duz käni.
Obýektlerde inwenterizasiýa geçiriler we bitewi elektron reýestr dörediler. Hünärmenler olaryň ýerleşýän ýerini, syýahatçylyk mümkinçiliklerini, tehniki ýagdaýyny we hukuk derejesini öwrener, şondan soň her bir obýekt üçin elektron pasport taýýarlanar.
Şeýle hem foto we wideo materiallary, 3D modelleri we myhmanlara maglumat berýän QR kodlary döretmek meýilleşdirilýär. Elektron pasportlar Milli syýahatçylyk platformasy bilen birleşdiriler.
Obýektlerde speleo syýahatçylyk ugurlary işlenip düzüler, ugur görkezijiler gurnalar we zerur infrastruktura dörediler. Howpsuzlygy üpjün etmek üçin ýörite talaplar we gözükdirmeler taýýarlanar, şeýle hem halas ediş gulluklary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýlar.
Şonuň ýaly-da hökümet hususy pudagy we maýadarlary çekmegi, halkara speleologik ekspedisiýalary we ylmy barlaglary gurnamagy, şeýle hem Özbegistanyň speleo syýahatçylygynyň mümkinçiliklerini daşary ýurtlarda wagyz etmegi meýilleşdirýär. Soňy bilen, geljegi uly obýektleriň sanawyny giňeltmek hem göz öňünde tutulýar.