Portugaliýanyň paýtagty Lissabon BookRetreats platformasynyň Holiday Happiness Index atly halkara sanawynda birinji orny eýeledi we dünýäniň beýleki 46 şäherinden öňe geçdi.
Garward uniwersitetiniň kliniki psihology Natali Dattilo-Raýanyň ýolbaşçylygynda geçirilen barlagda syýahatçylyk ugurlary «bagt gormonlarynyň» öndürilmegine täsir edýän birnäçe ýagdaý boýunça bahalandyryldy. Olaryň hatarynda gün şöhlesiniň mukdary, ukynyň hili, ýaşyl zolaklar, bedenterbiýe bilen meşgullanmak mümkinçilikleri we sagdyn iýmitlenmek bar.

Lissabon howasynyň amatlylygy (ýylda 2 828 sagat güneşli) we ösen iýmit ugry sebäpli ýokary netije görkezdi.
«Lissabondaky restoranlaryň, takmynan, 10 göterimi sagdyn iýmitlenişe ýöriteleşen. Bu biziň indeksimizdäki ikinji iň ýokary görkezijidir. Şäher bu babatda Pariž, Tokio we Nýu-Ýork ýaly dünýäniň gastronomik merkezlerinden öňe geçýär» diýlip, barlagda bellenilýär.
Awtorlar, şeýle-de Portugaliýanyň paýtagtynda dürli görnüşli tagamlaryň bol we baha taýdan amatlydygyny nygtaýar:
«Ýaňy tutulan deňiz önümlerinden başlap, däp bolan garbanyşhanalara deňiç — şäherde az pul bilenem mazaly naharlanyp bolýar».

Mundan başga-da, hünärmenler şäheriň pyýada gezelenç etmek üçin oňaýlydygyny, tebigata, aýratyn-da, deňiz kenaryna ýakyndygyny we ýaşyl zolaklarynyň köpdügini belläp geçdi. Bu ýerde her bir ýaşaýja 49 inedördül metr ýaşyl meýdan düşýär — bu Madriddäki görkezijiden dört esse diýen ýaly köpdür.
«Lissabon beýleki syýahatçylyk ugurlarynyň ählisinden tapawutlanýar. Şäheriň Syýahatçylyk assosiasiýasy hem öz strategiýasyny hut şu aýratynlygyň esasynda gurýar. Biziň maksadymyz şäherde ýaşamagyň we ony açyp öwrenmegiň dürli usullaryny hödürlemek, şeýle hem bu ugry özboluşly edýän we myhmanlar bilen ýaşaýjylar üçin gymmatlyk döredýän aýratynlyklary gorap saklamak» diýip, Lissabonyň Syýahatçylyk assosiasiýasynyň baş direktory Antonio Walle netijeleri teswirledi.
Sanawda ikinji orny Helsinki eýeledi. Barlagçylar bu şäheriň asuda hem-de howpsuzdygyny, bir adama 126 inedördül metr ýaşyl meýdanyň düşýändigini aýratyn belläp geçdi. Bu Awstriýadaky ortaça görkezijiden 2 esse, Gonkongdaky görkezijiden bolsa 50 esse ýokarydyr.
Üçünji orny ABŞ-nyň Orlando şäheri eýeledi. Şäher tematik seýilgähleri we ýylda 2 930 sagat güneşli howasy üçin ýokary baha aldy.
Iň gowy 10 sany şäheriň hatarynda Afiny, Edinburg, Madrid, Wena, Budapeşt, Oslo we Wilnýus hem bar.